Mekdebimiziň okuwçylarynda integrirlenen olimpiada uly gyzyklanma döredi

Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa, biologiýa, iňlis dili dersleri hem-de zehin soraglary boýunça integrirlenen olimpiada badalga berdi.

 Bu olimpiada Türkmenbaşy şäheriniň takyk ugurlaryna ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň okuwçylary hem uly gyzyklanma bildirdi. Mekdebimizden jemi 15 okuwçy bu olimpiada gatnaşdy. Okuwçylaryň özüniň ukyp-başarnygyny we ezberligini görkezdi.

Ýurdumyzda şeýle olimpiadalaryň geçirilmegi mekdep okuwçylarynyň bilim derejesine baha bermäge, olardan has zehinlilerini we ukyplylaryny ýüze çykarmaga, ýaşlaryň ylmy we döredijilik işjeňligini ösdürmäge hem-de daşary ýurt dillerini öwrenmeklige höweslerini artdyrmaga, şeýle hem sanly maglumatlar-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly özara gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berýär.

Bu olimpiadalara taýýarlanmak üçin mekdebimizde goşmaça amaly we tejribe sapaklary geçirildi. Şeýlelik-de okuwçylar öwrenýän dersleriniň düýp-özenine düşünmäge mümkinçilik gazandy.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň jemgyýetde mynasyp ornuny tapmagyny goldaw bermek ýerlikli wezipe bolup durýar. Şu wezipeden ugur alyp, biz bilim işgärleri ýaş nesliň Watanymyza, hormatly  Prezidentimize wepaly bolup ýetişmegi hem-de dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çäksiz sag bolsun aýdýarys.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!

Oguljahan MERGENOWA,

Türkmenbaşy şäheriniň takyk
ugurlaryna ýöriteleşdirilen
10-njy orta mekdebiniň
fizika mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok