Ýoga – bu gadymyýetiň jümmüşinde Hindistanda ýüze çykan fiziki, psihiki we ruhy maşkdyr. “Ýoga” sözüniň özi bolsa, sanskritçe “birleşik” ýa-da “baglanyşyk” diýen manyny berýär. Şu günki günde bütin dünýäde berjaý edilýän we meşhurlygy has-da artýan ýoganyň birtopar görnüşleri bar. Ýoga akyl we beden bitewiligini öz içine alýar; pikir we hereket; saklamak we ýerine ýetirmek; adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşyk; saglyga we abadançylyga bitewi çemeleşmäge ýardam edýär, diýip lukmanlar belleýärler.
Käbir ylmy çaklamalara görä, ýoga biziň eýýamymyzdan, takmynan, bäş müň ýyl öň, şol döwrüň pelsepeçileri tarapyndan döredilýär. Muňa ilkinji ýazuw ýadygärlikleri bolan hindileriň keramatly kitaplary hasaplanýan, gadymy hindi dilinde ýazylan Wedler hem güwä geçýär. Ýoga aňyň, emosional duýgularyň we bedeniň öz-özüni kämilleşdirmegi bilen häsiýetlendirilýän gadymy ulgam, köpugurly düşünjedir. Onuň esasy maksady adamy gerek bolmadyk ejirlerden hem-de oý-pikirlerdäki tertipsizlikden halas etmekden ybaratdyr.
Ýoga bedeniň, akylyň we energiýanyň özara baglanyşykly hereketiniň deňagramlylygyny döretmek maksadyna gulluk edýär. Şeýle deňagramlylyk üpjün edileninde aňyň ösüşine jogap berýän merkezi nerw ulgamyny oýarýan impulslar döreýär. Ýoga bizi gurşaýan dünýäni rahatlyk, asudalyk ýagdaýyna getirýär. Ol adamda hoşniýetli garaýyşlary, töwerekdäki adamlara söýgi, kömek bermek isleglerini, ýagny ynsanlaryň arasyndaky oňat gatnaşyklary döredýär. Ýoganyň düýbüni tutujy esasy dört görnüşi bolup, olar Kama, Bhatki, Jnana we Raja ýogalarydyr.
Ýoganyň düzümine girýän maşklaryň aýratynlygy: olar özüniň hereketsiz häsiýeti bilen tapawutlanýar. Ýoga bilen meşgullanýan adam öz göwresini belli bir şekile getirýär-de, uzak wagtlap gymyldysyz oturýar. Şeýle ýagdaýda türgenleşýän adam ýa-da türgen «dogry» dem almak arkaly öz synalaryny sagdynlaşdyrýar. Demiňi endigan, howlukman almak gerek. Ýoga maşklary adamdan ýaramaz endiklerden doly arany açmagy, gündelik iýmitinde etli tagamlary ep-esli çäklendirmegi talap edýär. Şol bir wagtyň özünde beden synalarynyň arassa, tämiz saklanmagy ýoganyň öňe sürýän esasy talaplarynyň biridir.
Muhammet TEJENDURYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler