Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkymyzyň Milli Lideri Türkmenistanyň gülläp ösüşiniň, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmeginiň bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesillere baglydygyny elmydama nygtap gelýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmeginde hem biz şu hikmeti görýäris.
Bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekany hökmünde tanalyp, şan-şöhraty äleme dolýan ata Watanymyzda gazanylýan beýik ösüşler, ýetilýän belent sepgitler kalbymyzy buýsançdan doldurýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. Il-ýurt bähbitli işler ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirýär.
Ajaýyp zamanada ykdysady özgertmeler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmakda esasy ugur hökmünde öňe sürülýär. Döwlet durmuşynyň ähli pudaklaryny kämilleşdirmeklige, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin oňyn şertleri döretmeklige, raýatlaryň netijeli zähmet çekmekleri we oňat dynç almaklary üçin amatly şertleri üpjün etmeklige gönükdirilen işler oňyn netijelerini berýär.
Ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň uly ynam bildirýändikleri, bu ynamy ödemegiň parzdygy baradaky esasy pikir söhbetdeşligiň özenini düzdi. Ýaşlarymyzyň Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi hökmünde görülmeginiň özi uly bagtdyr.
Jumanazar BATMANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň uly mugallymy.
Teswirler