Parahatçylyk kepili — hyzmatdaşlygyň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylyk döredijilikli başlangyjy ilerletmek boýunça teklibiniň — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähli halklaryň parahatçylykly ýaşamak ýörelgelerini berkarar etmekde ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegine, özara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň kemala gelmegine gönükdirilendigi nygtalýar. Çuňňur oýlanyşykly syýasy ýörelgelere, sagdyn, oňyn bähbitlere, umumy ykrar edilen adamzat gymmatlyklaryna esaslanan täze taglymat halkara ykdysady we syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsir edýän uly ähmiýetli binýat bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar, dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, iri halkara we sebit düzümleri, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Biziň ýurdumyz kabul edilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn halkara ylalaşyklary, şertnamalary we konwensiýalary berjaý etmek bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny doly hem-de üýtgewsiz ýerine ýetirýär, özüniň syýasy, ykdysady, medeni mümkinçiliklerini parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine gönükdirýär. Muňa dürli ulgamlarda amala aşyrylan hem-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça taýýarlanylan we kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary-da aýdyň mysaldyr. Milletler Bileleşigi bilen özara gatnaşyklarda biziň ýurdumyz sebit hem-de ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine, olaryň çözgütleriniň bilelikde işlenip taýýarlanylmagyna jogapkärçilikli çemeleşýär.

Şeýle-de döwletara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmeginiň Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy bellenildi. Bu syýasata ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygy, ulag, aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun berilýär. Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda döreden eserleriniň hem-de senetçilik önümleriniň Milletler Bileleşiginde ykrar edilmegi milli mirasymyzyň dünýä siwilizasiýasy üçin gymmatly ähmiýetini tassyklaýar.

Gülbahar YLÝASOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok