Leonardo da Winçi – meşhur italýan suratkeşi, heýkeltaraşy, binagäri, alymy

Meşhur italýan suratkeşi, heýkeltaraşy, binagäri, alymy Leonardo da Winçiniň ömür ýoly barada gürrüňiň başyny bahar pasly bilen baglap, soňunam bahar bilen jemlemeli bolýarys. Sebäbi dünýä sungatynda, ylmynda öçmejek yz galdyran bu ussat 1452-nji ýylyň aprel aýynyň 15-ine Florensiýanyň golaýyndaky Winçi diýen ýerde doglup, 1519-njy ýylyň 2-nji maýynda Fransiýada dünýäden ötýär.

Baý notariusyň maşgalasynda dünýä inen Leonardo 1467 — 1472-nji ýyllarda Andre del Werrokýudan tälim alýar. Florensiýa suratkeşlik mekdebiniň tälim beriş özboluşlylygy — okuwlaryň tehniki tejribeler bilen utgaşykly alnyp barylmagy Leonardonyň döredijiligine ýiti täsirini ýetirýär. Astronom Toskanelli bilen tanyşlygy ýaş Leonardonyň ylym bilen içgin gyzyklanmagyna uly täsirini ýetirýär. Irki döreden işlerinde ol reňk öwüşginleriniň üsti bilen duýgulary beýan etmäge ýykgyn edýär. Ol çekýän suratlaryndaky adamlaryň ýüzündäki duýgyny beýan etmekde seýrek ussatlygyň eýesine öwrülýär. Çala bildirýän ýylgyryşy beýan edişi bolsa ussadyň döredijiliginiň asyrlara miras goýan täsin syry bolmagynda galýar.

Häzirki wagtda ussadyň döredijilik garaýyşlaryny öwrenmekde öz eli bilen italýan dilinde ýazan golýazmalaryndan giňden peýdalanylýar. Ol metallurgiýa, dokma, çaphana, agaç işläp bejerýän enjamlaryň, suwasty gäminiň, tankyň, uçarlaryň, paraşýutyň… taslamalaryny düzüpdir. Alymyň anatomiýada, botanikada, palentologiýada eden ylmy işleri hem çuňňur hormata mynasypdyr. Ol ilkinji bolup ynsan bedeniniň süňklerini, beýni gurluşyny şekillendirýän çyzgylary döredipdir. Hatda ösümlikleriň gurluşyndaky aýratynlyklary, olaryň şireleriniň hereketlerini ylmy esasda beýan edipdir.

Leonardo da Winçiniň «Gizlin agşamlyk», «Jokonda»… ýaly eserleri bahasyz gymmatlyk hasaplanyp, dünýäniň iň uly muzeýlerinde saklanylýar.

Eziz ŞIRMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok