Ata Watanymyzyň kuwwaty ýaşlar bilen beýgelýär

Her bir güni şanly senelere, möhüm wakalara beslenýän «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» aýdyň geljegimize we ýaşlarymyza bolan beýik ynam bilen aýrylmaz baglydyr. Çünki ýaş nesiller ata Watanymyzyň batly ösüşlerini amal etmeli bagtly nesiller. Arkadagly Serdarymyzyň bu ugurdaky uly aladasy Türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny, netijeli hem köpugurly beýik işleriniň mynasyp dowamy hökmünde ýaşlar syýasatyny hil taýdan täze derejä çykarmaga şert döredýär.

Eziz ýurdumyz ylym-bilim, ykdysady, senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlet bolup, bu oňyn ösüşler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew badyny has-da batlandyrýar. Geljek 30 ýylyň toplumlaýyn wezipelerini, möhüm maksatlaryny durmuşa geçirmegiň zerur ugurlary eziz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin has hem amatly şertleriň döredilmegine badalga berýär. Aýdyň ýol bilen üstünlikli öňe gitmegiň  baş şerti bolsa häzirki döwrüň ýokary talaplary esasynda kemala gelýän giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlaryň, kämil hünärmenleriň täze nesli bilen baglanyşdyrylýar. Şoňa görä-de, täze eýýamda bagtyýar ýaşlara täzeçe hem kämil derejede ylym-bilim bermäge, olary başarnykly hünärmenler edip ýetişdirmäge uly üns berilýär. Şu günki nesilleriň watansöýüji, ylymly-bilimli, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi ylym-bilimiň, tehnologik ösüşleriň ýüze çykmagy we ösmegi bilen aýrylmaz baglydyr. Arkadagly Serdarymyz ýaş hünärmenleriň täzeçil we netijeli pikir ýöretmek we ýokary ukyp-başarnygyna eýe bolmalydygyny yzygider nygtaýar. Ýaş nesliň jemgyýetimizi innowasion çözgütler esasynda ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga goşýan mynasyp goşandy hem aýratyn bellärliklidir.

Häzirki döwürde bagtyýar ýaşlaryň yhlasy, ýiti zehini, döredijiligi esasynda ýurdumyzda täzeçe özgerişler kemal tapýar. Türkmen jemgyýetinde amala aşýan düýpli özgerişleriň netijesinde ýaş nesli halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny, medeni mirasyny, däp-dessurlaryny häzirki döwrüň derejesi bilen utgaşykly alyp barmak, ýaş nesliň döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini ýüze çykarmak esasy üns merkezinde saklanylýar. Bu möhüm wezipeler döwletimizde ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup çykyş edýär. Bagtyýar ýaşlar barada edilýän şeýle oňyn aladalar Garaşsyz hem hemişelik Bitarap ýurdumyzyň geljekki ösüşini şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzyň hem-de döwrüň şeýle beýik ynamyna öz ukyp-başarnygy, zehini, kämil kesp-hünäri we döredijiligi bilen jogap bermeklik bolsa bagtyýar ýaşlar üçin çäksiz buýsançdyr, belent mertebedir hem uly bagtdyr. Halkymyzyň abadan hem bagtyýar geljegi, ýaşlaryň döredijilikli, watansöýüji, ukyp-başarnykly adamlar bolup ýetişmegi babatda netijeli işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir!

Aýnur ÝAGMYROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok