18-nji fewral – diplomatik işgärleriniň güni!

Her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär. Bu hünär baýramçylygy 2009-njy ýylyň fewral aýynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döredildi. Bu möhüm baýramçylyk senesi türkmen diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine döwlet derejesinde goýulýan sarpany aňladýar.

Türkmen diplomatiýasynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, sebit hem-de halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmek we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary dünýä derejesinde uly ähmiýete eýedir. Diplomatik gullugynyň işgärleri Arkadagly Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, öz öňlerinde goýlan möhüm hem-de jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça maksada laýyk işleri amala aşyrýarlar.  

Döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyň üstüne örän jogapkärli wezipeler düşýär. Ylmy çeşmelerde «Diplomatik gulluk döwlet diwanynyň aýratyn bölegi bolup, ol halkara gatnaşyklary çäginde döwletiň hukuklaryny goramak wezipesini öňünde goýmak bilen, öz ýurdunda-da, daşary ýurtlarda-da hereket edýär» diýlip bellenilýär.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň açyklygy, ygtybarly döwlet hökmünde giň möçberli hyzmatdaşlyga taýýarlygy hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak ugrundaky işjeňligi halkara durmuşynda türkmen diplomatiýasynyň ykrar edilmegine itergi berýär. Ösüş arkaly parahatçylyga hyzmat edýän bu wezipeler, ilkinji nobatda, baky Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri bilen sazlaşýar.

Şatlyk GURBANOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok