Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bäsleşik yglan edýär!

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti «Edebiýat we sungat» gazeti bilen bilelikde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň döredilmeginiň 55 ýyllygy mynasybetli «Tebigaty söýmek — Watany söýmek» ady bilen Diýarymyzyň gözel tebigatyny wasp edýän goşgularyň, hekaýalaryň bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşyjylar eserlerini «edebiýatwesungat-gazeti@online.tm» elektron salga iberip bilerler.

Eserler 2023-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli kabul edilýär.

Ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok