TITU-da halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi

15-nji fewralda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” mynasybetli “Durnukly ösüş maksatlary: ýaşlar syýasaty we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň belli alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly dünýäniň 23 ýurdunyň ylmy düzümleriniň 50-ä golaý wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Gruziýa, Ýaponiýa, Russiýa, ABŞ, Rumyniýa, Germaniýa, Azerbaýjan, Nigeriýa, Gazagystan, Hytaý, Tailand, Efiopiýa, Koreýa, Hindistan we beýlekiler bar.. Halkara ylmy-amaly maslahatynyň gün tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti ýaly meseleler girizildi.

Halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde uniwersitetiň eýwanynda täzeçil taslamalara we häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryna bagyşlanan sergi guraldy. Onda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitiniň ylmy-önümçilik merkezleriniň täze işläp taýýarlamalary görkezildi. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar uniwersitetiň ylmy-önümçilik merkezlerinde alnyp barylýan ylmy-taslama işleriniň netijeleri bilen tanyşdylar. Şol bir wagtyň özünde sergi sanly ulgam arkaly maslahata gatnaşaýan daşary ýurtly myhmanlaryň ählisine göni ýaýlymda görkezildi. Häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlary bolan Emeli aň çözgütleri esasynda işläp taýýarlanan hem-de kiberhowpsuzlyk ulgamyny üpjün edýän programma üpjünçilikleri, sanly we akylly tehnologiýalar, akylly şäher ulgamy, himiki tehnologiýalar, materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy, nanomateriallar, biotehnologiýalar, genetika we bioinžiniring, biolukmançylyk elektronikasy, innowasiýalaryň ykdysadyýeti, tehnologiýa işewürligi ýaly ugurlar boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriň sergisi maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Halkara ylmy-amaly maslahatynyň Esasy mejlisi türkmen halkynyň Milli Lideri Alym Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerine bagyşlanyp, uniwersitetiň ähli talyplarynyň gatnaşmagynda hor bolup ýerine ýetirilen Alkyşnama aýdymy bilen başlandy. Sahnada ýaýlyma goýberilen wideorolige maslahata gatnaşyjylaryň hemmesi ýerinden ör turup, buýsanç bilen goşuldylar. Soňra halkara ylmy-amaly maslahatyň gün tertibine laýyklykda esasy mejlisde göz öňüne tutulan çykyşlara geçildi.

Çykyş edenler bilimiň dürli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen möhüm meselelere degip geçdiler we öz geçiren ylmy-barlag işleri barada maglumat berdiler. Şeýle hem halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmekde, durmuş ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmakda, sebit möçberinde hem-de has giň derejede ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin hyzmatlar ulgamyny emele getirmekde toplanan tejribeler, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlar syýasatynyň we innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti barada aýtdylar. Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ylym-bilimiň okgunly ösdürilmeginiň möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly itergi berendigi aýratyn bellenildi. Daşary ýurtly alymlaryň sanly ulgam arkaly çykyşlarynda ýurdumyzyň ylym-bilim, innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Çykyşlarda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň amaly we usulyýet meseleleri möhüm orun eýeledi. Daşary ýurtly alymlar Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde innowasion tehnologiýalary döretmekde we ornaşdyrmakda alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine ýokary baha berdiler. Uniwersitetiň ýaş mugallymlary hem-de ylmy işgärleri tarapyndan alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ähmiýetiniň uludygy bellenildi.

Häzirki wagtda uniwersitetde bilimiň we ylmyň ileri tutulýan ugurlary:

  1. Himiki we nanotehnologiýalar, materiallary öwrenmek ylymlary.
  2. Biotehnologiýa we ekologiýa, öýjük we molekulýar biologiýa, genetika we bioinžiniring, mikrobiologiýa.
  3. Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary, emeli aň, kiberhowpsuzlyk, mobil we tor inžiniring, geoinformatika.
  4. Kiberfiziki ulgamlar, awtomatika we elektronika, robot tehnikasy, biolukmançylyk elektronikasy.
  5. Akylly we sanly tehnologiýalar, sanly ykdysadyýet.
  6. Innowasiýalaryň ykdysadyýeti, menejmenti, marketingi.
  7. Tehniki daşary ýurt dilleri, kompýuter lingwistikasy.

Uniwersitetde 200-e golaý zehinli ýaş mugallymlar işleýär, 4000-e golaý zehinli talyp ýaşlar bilim alýar. Ähli talyplara iňlis we ýapon dilleri, innowasion tehnologiýalaryň ylmy esaslary, innowasiýalaryň ykdysadyýeti we tehnologiýa işewürligi dersleri öwredilýär.

Uniwersitetde önümçilige taýýar tehnologiýalar:

  1. Akylly öý tehnologiýasy, käbir elektron enjamlary ýygnamak.
  2. Dürli kompýuter we mobil programmalar.
  3. Ýerli çig mallardan gurluşyk materiallaryny almagyň himiki tehnologiýasy.
  4. Ýerli çig mallardan biologik işjeň maddalary we boýaglary bölüp almagyň biotehnologiýasy.
  5. Ýyladyşhanada ösýän gibrid ösümlikleri mikroklonal köpeltmegiň tehnologiýasy.

Uniwersitetiň “Ýaşyl himiýa” ylmy önümçilik merkezinde ýerli çig mallary esasynda bentonitden organobentonit almagyň tehnologiýasy ugrunda ylmy işler alnyp barylýar. Bu ylmy işde çig mal hökmünde Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Oglonly meýdançasynda, ýagny, Jebel şäherçesinden 37 km demirgazyk-gündogarda ýerleşýän ýatagyndan alnan bentonit toýuny ulanylýar. Organobentonit toýnuny  bentonit toýnuna  üst ýüzi işjeň maddalary – dördülenji ammoniý duzlaryny goşmak arkaly alyndy. Alnan önümiň barlagahana şertlerinde  himiki düzümi, organofil toýunlara laýyklygy we reologiki häsiýetleri barlanyldy. Barlaglaryň netijesinde  barlaghana şertlerinde taýýarlanan toýunyň organofil toýunlara degişlidigini we onuň uglewodorod esasly buraw suwuklyklarynda ulanylyp boljaklygy anyklanyldy. Organobentonit esasan hem burawlaýyş desgalarynda, buraw erginlerini taýýarlamakda ulanylýar. Mundan başga-da boýag önümlerinde işjeň doldurgyç hökmünde, ýaglary arassalamakda ulanylýar. Häzirki wagtda buraw ergini ýurdumyza daşary ýurtdan getirilýär. Buraw suwuklygynda we reňkli suwlary arassalamakda ulanylmagy maksat edilýän organobentonit  toýnuny öndürmek, ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösüşinde, ýagny, daşary ýurtdan gelýän import önümleriniň ornuny tutýan önüm  hökmünde uly ähmiýete eýedir.

Gorilla aýnalary bu adaty aýnalardan özüniň has berkligi bilen tapawutlanýar. Ol himiki we fiziki taýdan berk bolup, ykjam enjamlaryň displeýlerini ýasamakda giňden ulanylmak bilen, himiki taýdan bejerilen soda hek aýnasyndan üç esse güýçlüdir. Onuň bu häsiýetini himiki usul bilen, ýagny, ion çalşygy arkaly gazanylyp, materialdaky natriý ionlary kaliý ionlary bilen çalşylýar.

Emeli aň çözgütleri esasynda “Sesi tekste öwürýän” programma üpjünçiligi häzirki wagtda türkmen dilinde sözleýişde ulanylýan sözlemleri tekste öwürmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa emeli aňyň düzüm böleklerinden peýdalanyp, adamlaryň kompýuter arkaly işlemekligini has-da ýeňilleşdirýär. Şeýle häsiýetdäki programma üpjünçiliginiň ýurdumyzda ilkinji bolup çykyş edýändigini bellemek gerek. Sanly tehnologiýalar ulgamynda maglumatlaryň saklanýan serwerleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek derwaýys mesele bolup durýar. Kiberhowpsuzlyk ulgamyny üpjün edýän programma üpjünçiligi maglumatlaryň howpsuz ýagdaýda saklanylmagyna we geçirilmegine ýardam edýär.

Animasiýa we grafika dizaýny ugry boýunça, “Wirtual innowasiýalar toplumy” web sahypasynyň üsti bilen wirtual syýahaty gurnamak özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Bu web sahypasy arkaly Türkmenistanyň gözel taryhy ýadygärlikleri boýunça uly bolmadyk syýahaty indi wirtual hakykat dünýäsinde amala aşyrmak mümkin. Täze synanyşyk 3D obýektleri dolandyrmaga, ylmy synaglary geçirmäge ýa-da taryhy sazlamalary öwrenmäge mümkinçilik berýän okuw wirtual hakykat gurallaryny ulanmaga şert döredýär. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz han innowasion toplumyna” syýahat etmegi indi wirtual hakykat dünýäsinde amala aşyrmak bolýar.

“Akylly şäher” ulgamynda işläp taýýarlanan “Akylly awtoulag duralgasy” taslamasy boýunça, awtoulagyň döwlet belgisini wideokamera arkaly hasaba almak we şunuň bilen bir wagtda girelgedäki şlagbaumyň açylyp ýapylmagyny dolandyrmak, awtoduralgadaky boş ýerleri kesgitlemek, awtoulag duralgalaryny wizuallaşdyrmak, awtoulag duralgasynyň statistikasy ýaly meseleleriň çözülişi teklip edilýär. Ulgam wideokameranyň üsti bilen awtoulag duralgasynyň wideo akymyny hasaba alýar. Şeýle hem, awtoulag duralgasyndaky ýerleri öňünden sargyt edip, eýelemek mümkinçiligi hem bar.

Häzirki wagtda ýerine ýetirilýän ylmy-barlaglaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary tarapyndan 30-dan gowrak patentler alyndy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Britaniýanyň dünýäde uly abraýa eýe bolan “Times higher education” žurnaly tarapyndan Durnukly ösüş maksatlarynyň 3-si babatda öňdebaryjy 601 we 1001 sany ýokary okuw mekdepleriň hataryna goşuldy. Geçen ýyl hem bütindünýä uniwersitetleriniň reýtingini kesgitlemek boýunça guramasyna uniwersitet agzalyga saýlanyldy. Bu bolsa uniwersitetde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça giň möçberli işleriň amal edilýändiginiň subutnamasydyr. Şeýle hem ýakynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Singapur şäherinde özünde dünýäniň 35-e golaý döwletinden 200-e golaý ýokary okuw mekdeplerini birleşdirýän Inženerleriň bilimini standartlaşdyrýan Bütindünýä konsepsiýasyna CDIO (iňlis Conceive (Pikirlenmek), Design (Taslamak), Implement (Öndürmek), Operate (Dolandyrmak) sözlerinden gelip çykýar) Merkezi Aziýa boýunça ilkinjileriň hatarynda kabul edildi. Bulardan başga-da, 2022-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Indoneziýa uniwersiteti tarapyndan düzülen dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň daşky gurşawyň durnuklylygy boýunça Durnukly ösüş maksatlarynyň ýetmeklige goşýan goşandyny bahalandyrýan “Green Metric” diýlip atlandyrylýan dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşuldy.

Umuman, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen halkara ylmy-amaly maslahaty diýseň netijeli häsiýetde boldy. Onda edilen çykyşlar özüniň ylmy täzeçilligi, derwaýyslygy, durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilendigi bilen tapawutlandy. Uniwersitetiň giň eýwanynda sergilenen ylmy-taslama işlerden görnüşi ýaly ylmy-önümçilik merkezlerinde ýerine ýetirilýän işler “Durnukly ösüşiň maksatlaryna” ýetmegiň ýolunda esasy wezipeleriň uniwersitet tarapyndan amal edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Döredilip berilýän giň mümkinçilikler we gazanylýan üstünlikler üçin halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Alym Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok