Ilkinji zenan diplomat

Diplomatiýada zenanlar häzirem seýrek duş gelýän hadysadyr. Şonuň üçin hem, ilkinji zenan diplomatyň ady taryh okuw kitaplaryna, diplomatiýanyň ösüş etaplary barada gürrüň berýän monografiýalara hem girizildi.

Demirgazyk Ýewropa ýurtlarynyň bir patyşasy Sowet Soýuzyndan gelýän ilçisine gepleşikleri geçirmek we tanyşmaklyk üçin garaşýardy. Etikete görä, patyşa oturan ýerinde onuň bilen gürleşmelidi, ýöne ilçiniň zenandygyny görüp, patyşanyň haýran galandygyny göz öňüne getiriň. Dik duran aýal bilen oturan ýerinde gürleşmek hat-da bir patyşa üçinem edepsizlikdi. Patyşanyň rahatlygyny (asudalygyny) bozup gelen ilçi bolsa bu dünýädäki ilkinji zenan diplomat – Aleksandra Mihaýlowna Kollontaýdy.

Görnükli syýasatçy we döwlet işgäri Aleksandra Mihaýlowna Kollontaý 1872-nji ýylda meşhur XIII asyra degişli baý Peskow knýazy Dowmontlaryň asylly maşgalada dünýä indi. Kiçijik Şura Pskowda çagalykdan özüniň hatyrasyna jaňlaryň ýaňlanmagyny eştmek isleýärdi. Şuranyň çagalykdaky eden arzuwynyň hasyl bolandygy entek belli däl, emma dabaraly minnetdarlyk çykyşlarynyň onuň hormatyna birnäçe gezek eşidilendigi şübhesizdir. Aleksandra çagalykdan bäri meşhur bolmagy arzuw edipdi we oňa bu başartdy.

Sowet häkimiýeti gurlandan soň Aleksandra Mihaýlowna döwlet haýyr-sahawat komissary wezipesine bellenildi. Ol ilki bilen zenanlara kömek bermek üçin birnäçe tagallalary etdi. Ýagny, nikalaryň bozulmagy bilen baglanşykly, nikada we nikasyz doglan çagalaryň hukuklarynyň deňleşdirilmegi barada kanunyň kabul edilmegini teklip eden zenandy. Ondan başga-da, enelik rugsady, ýaş eneler üçin ýeňillikler baradaky kanunyň taslamasyny hem taýýarlamaga gatnaşypdy. Emma, tiz wagtdan Aleksandra Mihaýlownany 1923-nji ýylda Sowet Soýuzynyň Norwegiýadaky Söwda boýunça Doly ygtyýarly wekili wezipesine bellenildi. (Bu wezipäni ilçihananyň işi bilen deňeşdirip bolar). Bu saýlaw Aleksandra Mihaýlowna Kollontaýyň üstüne düşmegi tötänleýin däl, ýagny ol akylly, özüne çekiji, birnäçe dilleri we etiketiň inçe syrlaryny bilýärdi. Kollontaý Norwegiýa bilen SSSR-iň arasynda millionlarça dollarlyk balyk söwdasy baradaky şertnamasyna gol çekmegi başardy. Onuň kömegi bilen, Norwegiýa SSSR-i ykrar eden ilkinji ýurtlaryň birine öwrüldi.

Soňra Kollontaýyň diplomatik iş ýoly Meksikada dowam etdi, ýöne Aleksandra Mihaýlowna üçin bu ýurduň howa şertleri ýaramady we öýüne gaýdyp geldi. 1930-njy ýylda Kollontaý Sowet Soýuzynyň Şwesiýadaky ilçisi boldy. Onuň öňünde iň möhüm we iň kyn wezipe goýuldy, ýagny SSSR bilen bu ýurduň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmakdy we Kollontaý bu işi ýokary derejede ýerine ýetirmegi başardy. Mundan başga-da, Aleksandra Mihaýlowna özüne tabşyrylan birnäçe uly wezipeleri üstünlikli baş alyp çykmaklygy hem başardy.  

II Jahan urşundan soň Aleksandr Mihaýlowna Russiýa gaýdyp geldi. Soňky günlerine çenli SSSR-iň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi bolup işledi.

Aleksandra Mihaýlowna Kollontaý 1952-nji ýylyň 9-njy martynda 80 ýaşynda aradan çykdy.

  Dürli BALLYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

D

18-feewral, Turkmenistanyn diplomatik isgarlerinin guni

D

18 fewral, Türkmenistanyñ diplomatik işgärleriniñ güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.