Ýüpek gymmatly baýlykdyr

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ýüpekçilik pudagy döwrebap ösdürilýär. Piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen degişli işler geçirilýär. Şu şanly ýylda ýurdumyz boýunça piläniň 2300 tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar.

10-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle-de piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli Karara gol çekilmegi ýurdumyzda pile öndürmek işiniň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmenistanda ýüpekçiligiň 1500 ýyl mundan ozal ýaýramagy bilen, bu pudak orta asyrlarda has giň gerim alypdyr. Şol döwürlerde Merwiň, Sarahsyň we başga şäherleriň töwereginde ýüpek gurçugyna iýmit bolup hyzmat edýän tut agaçlarynyň köp ösdürilýändigi barada ylmy çeşmelerde maglumat berilýär.

Türkmenler şol döwürde pileden ýüpek alyp, gymmat bahaly matalary dokapdyrlar. Şol wagtlarda dokalyp başlanan keteni, gyrmyzy donluk, sowsany, çepbetow ýaly matalar henize çenli hem türkmen halkynyň arasynda köpçülikleýin ulanylýar. Ýurdumyz ýüpek matalary, ýüpek halylary bilen hem dünýäde möhüm orny eýeläpdir. Ýüpekçiligiň ähli ösüş ýyllarynda tut agajynyň täze onlarça sorty we gibridleri döredildi, ýüpek gurçugynyň öňden gelýän tohumlary gowy hilli, ýokary önümli, täze tohumlar bilen telim gezek çalşyryldy.

Ýurt Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soňra, Türkmenistanda ýüpekçilik pudagyna uly üns berlip başlandy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky ýüpekçilik kärhanasynda bu ugurda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň sebitlerinde ýüpek önümçilik birleşikleri hereket edýär.

Ýüpek gurçugynyň pilesiniň süýüminden taýýarlanýan ýüpek matalar dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Olar owadanlygy, berkligi we beýleki ýokary hilli sypatlary bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem ýüpek mata bolan isleg barha ýokarlanýar.

Nursoltan APOWOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok