De­ňiz de­re­je­si nä­hi­li kes­git­len­ýär?

Is­len­dik deň­ze ýa-da um­ma­na ba­ra­ny­myz­da onuň ýü­zi de­ňiz de­re­je­si­niň 0-njy met­ri bol­ma­ýar. Kä­bir de­ňiz­le­riň de­ňiz de­re­je­si bel­li dö­wür­ler­de tol­kun­lar, at­mos­fe­ra­nyň ba­sy­şy we ýel ýa­ly te­bi­gy ha­dy­sa­lar se­bäp­li gys­ga wagt­lyk üýt­ge­ýär. Bu üýt­geş­me­ler, esa­san, at­mos­fe­ra­nyň ho­wa­sy­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly bol­ýar. Ýe­riň or­ta­ça de­ňiz de­re­je­si ýyl­la­ryň do­wa­myn­da hem az­da-kän­de üýt­ge­ýär.

Edil gu­ry ýer ýa­ly deň­ziň ýü­zi hem bü­tin dün­ýä­de deň däl. De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň gün­ba­tar ke­na­ryn­da­ky de­ňiz de­re­je­si De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň gün­do­gar ýa­ka­syn­da­ky de­ňiz de­re­je­sin­den 20 san­ti­metr tö­we­re­gi be­ýik­dir. De­ňiz de­re­je­si ba­syş, ýel, Aýyň Ýe­re go­laý­lap-uzak­laş­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýän joş­gun-gaýt­gy­na gö­rä, pas­lyň ça­lyş­ma­gy ne­ti­je­sin­de ga­ryň ere­me­gi, ýa­gyş ýag­ma­gy ýa­ly te­bi­gy ha­dy­sa­la­ryň ne­ti­je­sin­de üýt­ge­ýär.

De­ňiz de­re­je­si­ni öl­çe­mek üçin dür­li usul­lar­dan peý­da­la­nyl­ýar. Mu­nuň üçin de­ňiz ke­nar­la­ryn­da su­wuň de­re­je­si­ni we tol­ku­ny öl­çe­ýän gör­ke­zi­ji­ler­den hem-de eme­li hem­ra­lar­dan peý­da­la­nyl­ýar. Eme­li hem­ra­lar tol­kun öl­çeý­ji­ler­den ta­pa­wut­ly­lyk­da um­man­lar­da­ky su­wuň be­ýik­li­gin­dä­ki üýt­geş­me­le­ri hem ha­sa­ba al­ýar. Mu­nuň üçin eme­li hem­ra­lar ar­ka­ly um­ma­nyň ýü­zü­ne mik­ro­tol­kun ibe­ri­lip, yzy­na gel­ýän wag­ty öl­çel­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da iş­le­nip taý­ýar­la­nan eme­li hem­ra­lar has ta­kyk mag­lu­mat­la­ry al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu mak­sat bi­len eme­li hem­ra­lar 1990-njy ýyl­la­ryň ba­şyn­dan bä­ri ula­nyl­ýar. De­ňiz ke­nar­la­ryn­da, ada­lar­da su­wuň de­re­je­si­ni öl­çe­ýän gör­ke­zi­ji­ler bol­sa has ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri peý­da­la­nyl­ýar.

Ýer ýü­zü­niň her se­bi­ti üçin de­ňiz de­re­je­si­ni kes­git­le­ýän tol­kun öl­çeý­ji­ler bol­ýar. Pol­şa­da we ozal­ky So­wet So­ýu­zy­nyň ýurt­la­ry­nyň kö­pü­sin­de Bal­ti­ka deň­zi­niň or­ta­ça de­re­je­si­ni ha­sap­la­ýan Kronş­tadt­da­ky tol­kun öl­çeý­ji­den peý­da­la­nyl­ýar. Gün­ba­tar Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da­ky çuň­luk­lar we be­ýik­lik­ler Ams­ter­dam­da­ky tol­kun öl­çe­gi­ne gö­rä ha­sap­lan­ýar. De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da Ka­na­da­nyň Ri­mus­ki şä­he­rin­dä­ki, Hy­taýda Sin­dao şä­he­rin­dä­ki öl­çe­ge sal­gy­la­nyl­ýar.

Eziz ORAZMUHAMMEDOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki
tehnologiýasy hünäriniň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok