Ýaşlar – döwletiň daýanjy

Häzirki wagtda döwletimizde ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, döredijilikli zähmeti, mähriban Watanymyza wepaly gulluk etmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar hakynda edilýän çuňňur we hemmetaraplaýyn alada ýaş hünärmenleri täze belentliklere ýetmäge ruhlandyrýar.

Ýaşlar jemgyýetiň iň işjeň bölegi hökmünde ýurduň ähli babatda ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hem ýaşlary goldamaga, olaryň jemgyýetdäki mynasyp ornuny tapmaga gönükdirilen döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda bu ugurda maddy-tehniki binýady berkidýän çäreleri durmuşa geçirmek bilen birlikde, degişli kanunlar, maksatnamalar, konsepsiýalar kabul edilýär.

Geçen ýyl «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýän bolsa, şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýagty ertirlerimiziň eýelerine bildirilýän uly umytdan hem-de ynamdan nyşandyr. Munuň özi ýaşlaryň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda durmuşa geçirilýän işlere işjeň gatnaşmagy, olaryň watançylyk, halallyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, ýaş nesliň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek hem-de döredijilikli başlangyçlaryny goldamak ýaly asylly maksada gönükdirilendir. Bu işler ýaş türkmenistanlylary Watanymyzyň we halkymyzyň ýagty geljeginiň bähbidine täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Pursatdan peýdalanyp, biz bagtyýar ýaşlar, bilimlerimizi kämilleşdirip, bize bildirilýän belent ynama ygrarly bolmak ugrunda yhlasymyzy, zehinimizi, gujur-gaýratymyzy gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys!

Mekan SAPAROW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok