Üýtgeşik şekillerde öwüsýän geň häsiýetli gymmatbaha daş

Aragonit daşy, adatça, benewşe reňkde bolýar, ýöne onuň ak, açyk ýaşyl aralyk reňkleri hem duş gelýär. Durulygy — öçük, sadappisint.

Aragonit daşy, başgaça, lowurdaýan gül ýa-da ýylpyldaýan daş diýlip hem tanalýar. Ol üýtgeşik şekillerde öwüsýän geň häsiýeti üçin hem şeýle atlandyrylýar. Daşyň inçejik akja iňňe ýaly ýa-da göni kristal görnüşdäkisine duşmak bolýar. Daşyň ady onuň ilkinji tapylan ýeri, ýagny gadymy ispan şäheri bolan Molina de Aragon bilen baglydyr.

«Aragonit» adalgasyny 1796-njy ýylda nemes geology A.G.Werner ulanyşa girizipdir. Takmynan, 230 million ýyl mundan öň, häzirki Ispaniýanyň ýerleşýän ýerinde deňiz derejesiniň düýpli peselmek ýagdaýy bolup geçýär. Şonuň bilen bile duz we gips çökündileri emele gelýär. Bu bolsa soňy bilen aragonit daşynyň ýatagyna öwrülýär. Häzirki wagtda bu daş Ispaniýanyň Aragon, Nawarra, Walensiýa we Kastiliýa La Mança ýaly awtonom welaýatlarynyň dördüsinde gazylyp alynýar. Bu ýerler aragonit daşyna örän baý hasaplanylýar, hatda gadymy taryhyna garamazdan, onuň mineral ýataklary henizem gutaranok.

Rowaýata görä, ata-ene gyzynyň halaýan ýigidine durmuşa çykmagyna rugsat bermänligi üçin, gyzyň döken gözýaşy aragonite öwrülipdir diýilýär.

Aragonit gymmatbaha daş bolup, ol ähli döwürde-de adamlar tarapyndan halanypdyr. Ençeme taryhy döwürde onuň täsirli taraplary hakynda dürli-dürli ynançlar döräpdir. Bu daşyň adama berýän peýdasy örän uludyr. Aragonit daşy adam bedenine rahatlandyryjy täsir edýär: nerw ulgamyny rahatlandyrýar, ýadawlygy, sebäpsiz gorkyny, gahary we gyzmalygy aýyrýar, ukusyzlyga oňaýly täsiri bar.

Mineral öz eýesini arakhorluga, humarly oýunlara bolan meýlinden goraýar. Aragonit garraýança göteren, ony öýünde ýa-da özünde tumar edinip saklan adamy goraýar we onuň ýatkeşliginiň saklanmagyna ýardam edýär.

Aýnura MÄMEDOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok