Rus tebigy gazy Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana iberiler

Russiýa Federasiýasy Eýran Yslam Respublikasynyň üsti bilen Türkiýä we Yraga tebigy gazy we nebiti eksport etmegi meýilleşdirýär. Bu barada, «Mehrnews» habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Aleksandr Nowak şenbe güni žurnalistler bilen bolan duşuşygynda rus nebitini we tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen «swop» görnüşinde eksport etmegi «geljegi uly taslama» diýip atlandyryp, häzirki wagtda bu ugurda tehniki mümkinçilikleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny mälim etdi.

Berlen maglumatlara görä, bu hyzmatdaşlygyň esasynda Russiýa Federasiýasynyň 10 milliard kub metr tebigy gazy we 5 million tonna nebiti Eýranyň üsti bilen «swop» görnüşinde eksport etmegi meýilleşdirilýär.

Çeşmede agzalan hyzmatdaşlygyň birinji tapgyrynyň çäklerinde şu ýylyň birinji ýarymynda rus tebigy gazynyň Türkmenistanyň turbageçirijileri arkaly Eýrana iberilip başlanmagynyň mümkindigi bellenilýär.

Belläp geçsek, häzirki wagtda Türkmenistan hem Eýranyň üsti bilen «swop» görnüşinde Azerbaýjana mawy ýangyjyň eksportyny amala aşyrýar.

Jennet ÇATYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok