Dana bilim merkezinde himiýa hepdeligi geçirildi

Dana bilim merkeziniň Türkmenbaşy  şahamçasynda  Himiýa dersi boýunça hepdelik geçirdiler. Bu geçirilen Himiýa hepdeliginde şol okuw merkeziniň ýaş okyjylary himiýa dersine degişli bolan abzallarda özleriniň bilim başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle hem  adamyň gurluşyny öwredýän biologiýa dersine degişli anatomiýa sapagy bilen baglanşykly tejribe işlerini geçirdiler.

Mundan başgada himiýa  dersine degişli Menedeleýewiň tablisasyny ýatdan bilmek we şol elementleriň degişli ýerlerde ulanmak hakynda gürrüňleri geçirildi. Ata Watanymyzyň tebigy baýlyklarynyň nirelerde gorlary hakynda gyzykly gürrüňleri geçirildi. Bu okuw merkezinde 2023-nji ýylyň  Türkmenbaşy  boýunça «Altyn asyryň» altyn zehinleri atly mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilen himiýa olimpiýadasynyň ýeňijisi  dersi boýunça geçirilen olimpiýada-da 1-nji ýer alan Permanowa Merýem gatnaşdy. Ýaryşda ýeňiji bolanlara Dana merkezi tarapyndan hormat hatlary gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok