Türkmenistanda nebitiň ilkinji senagat akymy 1947-nji ýylda alyndy

2023-nji ýylda Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşen «Gumdag» käni senagat taýdan özleşdirilmeginiň 75-nji ýylyny doldurdy. Nebitiň ilkinji senagat akymy «№1» guýudan 1947-nji ýylda alyndy.

Häzirki wagtda bu ýerde «Gumdagnebit» nebitgazçykaryş müdirliginiň gurnamagynda guýularyň toplumy hereket edýär. Müdirlikde ähli çäklerde önümçilikleriň ýagdaýlary hakynda möhüm maglumat toplanylýar. Çäklerde uglewodorod serişdeleri çykarylýar.

«Gumdag» käniniň nebitçileri her aýda önümçilik meýilnamalaryny 100 göterim ýerine ýetirip, hatda bellenilen görkezijilerden hem geçýärler. Nebit promyselinde, esasan, stanok-kaçalka ulanyşyň mehaniki usuly ulanylýar. Netijede «gara altynyň» akymy alynýar. Şu binýatda 300-den gowrak kän hereket edýär. Şunuň bilen birlikde, ýene-de onlarda nebit guýulary özleşdirilýär. Muňa swabirlemek tejribesi, ýagny suwuklygyň derejesini azaltmak, çüwdürim usuly we ežektor usuly bir gurşawdan ikinjisine kinetik energiýanyň uly tizlikde geçmegini üpjün edýär.

Irki kände iň öňdebaryjy enjamlar ulanylýar, netijede ýokary netijeler gazanmaga mümkinçilik bar. «Nebitgazylmytaslama» institutynyň hünärmenleri nebitçilere ýardam etjek tehnologiýalary düzýärler, enjamlary gurýarlar.

Muhammetjuma ATAGELDIÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Geologiýa fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok