Türkmenistany 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy tassyklanyldy!

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, 2023-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini we makroykdysady durnuklylygyny üpjün etmek, pudaklarda döwrebap tehnologiýalary we sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny emele getirmek hem-de kiçi we orta telekeçiligiň ösüşine döwlet tarapyndan goldaw bermegi dowam etdirmek, ähli sebitleri gyradeň ösdürmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we täze iş orunlaryny döretmek, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maksatnamanyň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok