10-njy fewralda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine seredildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.
Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi we möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilşi ýaly häzirki wagtda 690 müň gektar bugdaý meýdanynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şu ýylda ýurdumyzda 580 müň gektar gowaça ekiljek meýdanlary, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm we tekizleýiş işleri hem-de bu ugurda işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary abatlap, möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de derýalarda we suwaryş akabalarynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmek üçin Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti tarapyndan welaýat häkimlikleri bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti, wise-premýer A.Ýazmyradowa ýüzlenip, oba hojalyk pudagy tarapyndan oba hojalyk önümleriniň, harytlaryň hem-de çig malyň öndürilişiniň möçberini artdyrmak, ilaty azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, azyk bolçulygyny döretmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Ekerançylykda we bagbançylykda ýokary hasyl berýän ekinleriň we miweli baglaryň sortlaryny ýetişdirmek boýunça işleri dowam etdirmeli diýip, Serdar Berdimuhamedow ýüpekçiligi ösdürmek, ýokary hilli pile önümlerini öndürmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Teswirler