Şweýsar kompaniýasy Türkmenistanda lagym we ýagyn suwlaryny akdyryjy ýerasty desgalary gurar!

Ilata edilýän jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherinde ýerasty suwlaryň derejelerini peseltmek hem-de lagym we ýagyn suwlaryny akdyryjy ýerasty zeýkeş örtüklerini gurmak barada Şweýsariýa Konfederasiýasynyň «СAI Interbudmontazh GmbH» kompaniýasy bilen şertnamany, daşarky eltiji suw we lagym üpjünçiliginiň inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygyny hem ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň fewral aýynda başlamak we desgany 2030-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok