Hazarýaka guşlary barada

Geografiýa taýdan ýerleşişine görä, Hazaryň ýakasynda Ýewraziýa – Gündogar Afrika we Aziýa ugurlary boýunça guşlaryň göçüş çatrygy ýerleşýär, subkontinentiň demirgazygynda höwürtgesinden gaýdan guşlar bu ýoldan Gara we Hazar deňizlerine, Orta ýer deňzine we (Niliň aşaky akymlaryndan GAR-a çenli), Arabystana, Pars aýlagyna, Gyzyl deňze, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa, Hindistan ýarym adasyna, Awstraliýa we Täze Zelandiýa gyşlamaga gidýärler.

Her ýyl gaýtalanyp durýan we serhetlere parh goýmaýan guş göçüşleri tutuş adamzadyň baýlygydyr, şonuň üçinem halkara konwensiýalaryna laýyklykda bioserişdeleri goramak – umumy işimizdir. Şol konwensiýalary tassyklan Türkmenistan hem bu işe goşulyp, suwly-batgaly ýerleri we bioköpdürlüligi goramak boýunça özüne belli bir borçlary aldy. Goraghanalar we beýleki goragly tebigy meýdanlar döredilýär, daşky gurşawy goramak ulgamynda kanunlar hem-de beýleki kadalaşdyryş-hukuk resminamalary kabul edilýär.

Hazar ýakasynyň haýwanat dünýäsiniň sanawy 18 otrýaddan 361 görnüşi, ýa-da tutuş Türkmenistandaky guşlar dünýäsiniň 83,4% (433 görnüşi) öz içine alýar. Ýaşaýyş görnüşlerine görä olar oturymly ýa-da şol ýerde hemişelik ýaşaýanlar, olaryň sany köp däl – 31 görnüşe hem-de daşyndan gelýän-höwürgeleýän – 94 görnüş ýaly toparlara bölünýär. Olardan iň köp sanlysy – ötegçi guşlardyr, olaryň arasynda Zapolýarýadan Hazar ýakasyna çenli giň ýaýranlary we ötegçi-gyşlaýan – 300-den gowrak görnüşi bar. Olardan deňizçi ala ördek, uly ördek, gara we akganat torgaý, alp we ala owazçy ýaly guşlar diňe aşa sowuk gyş günleri duş gelýär. Gögümtil ördek, bezziltik, garamtylarka çarlak, gar serçesi we ş.m. tötänleýin bu ýere düşenler hasaplanylýar.

Hazar ýakasyndaky guşlaryň derejesi olaryň Türkmenistandaky sany, dünýä populýasiýasynyň ýagdaýy, ylmy we medeni-estetiki ähmiýeti, transmilli we serhetüsti ähmiýetliligi (awçylyk hojalygy), adaty milli däpler (elguşlar bilen aw etmek, käkilikleri, bedeneleri we saýrak guşlary elde saklamak), olaryň biosenozlardaky ähmiýeti bilen kesgitlenilýär.

Şazada GELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok