«Bagtyýar ýaşlaryň döredijilik üstünlikleri» atly sergi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2023-nji «Arkadagly Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda biz talyp ýaşlaryň döwrebap hem-de kämil bilim almaklary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär.

Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar baradaky irginsiz aladalaryna jogap edip, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem bilim alýan talyplaryň zehin başarnyklaryny has-da höweslendirmek maksady bilen ýokary okuw mekdebimiziň Altyn fondy muzeýiniň gaznasynda ýerleşdirilen uçurymlaryň hem-de göreldeli talyplaryň naýbaşy eserleriniň sergisi gurnaldy.

Bu sergä çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar. Täsirli sergi talyplara özleriniň geljekde döretjek işleriniň ylham çeşmesi bolar.

Gülşat ANNASEÝIDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň talyby.   

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok