Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesi berildi we «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýlip atlandyryldy. Bu hoş habara her bir türkmenistanly tüýs ýürekden begendi, kalbynyň töründen çykýan alkyşlaryny merkezi metbugatyň, milli teleradioýaýlymlaryň üsti bilen beýan etdiler. Täze şäheriň gurluşy «akylly» şäher konsepsiýasyna esaslanýar. Bu ýerde häzirki zaman internet ulgamy, sanly ulgam arkaly dolandyrylyş doly gurnalansoň, Arkadag şäheri döwrümiziň iň döwrebap ilatly ojaklarynyň biri bolar.
Bu ýerde ekologik talaplaryň ýerine ýetirilmegi aýratyn üns merkezinde. Munuň özi «akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň kemala getirilmegi bilen utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Arkadag şäheri — Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäherdir. Bu ýerde «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär.
Tutuş bir şäheri, onda-da iň döwrebap şäheri gurmak her bir döwlete başardýan iş däl. Biziň ýurdumyzda şeýle şäherler yzly-yzyna gurulýar. Aşgabat, hakykatda, täzeden guruldy. Awaza uly bir şäher, tutuş bir dynç alyş-syýahatçylyk merkezi. Ine, indi bolsa başga bir beýik şäher, «akylly» şäher — halkymyzyň ýürek emri bilen Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän şäher peýda boldy! Nesip bolsa, «Aşgabat-sitini» hem bu sanawa goşup bolar, onuň gurulmagy netijesinde paýtagt şäherimiziň çäginde ýene bir üýtgeşik şäher peýda bolar.
Täze, döwrebap şäher halkymyzyň göterilen ykbalynyň alamaty bolup, ak binalary bilen bizi bagtyýar pursatlara duş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleri her bir güne, aýa, ýyla taryhy mazmun çaýýar. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäheri hem türkmen taryhynyň altyn sahypalaryna müdimilik ýazyljak şatlykly wakalara beslenip, mermer öwüşgini bilen Diýarymyzyň gujagyna aýratyn görkanalyk çaýýar.
Aýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler