Ýylyň ilkinji aýynyň jemleri: sanlar, maglumatlar

  • Şu ýylyň ýanwar aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy.
  • Hasabat döwründe öndürilen önümleriň derejesi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5,8 göterim köpeldi. Bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim artdy.
  • Şu ýylyň ýanwar aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 115,7 göterim, çykdajy böleginiňki bolsa 97,4 göterim berjaý edildi.
  • Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
  • Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim ýokarlandy.
  • Geçen aýda tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 101,9 göterim ýerine ýetirildi.
  • Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,2 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini bolsa 108,6 göterime barabar boldy.
  • Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda oba hojalyk we azyk harytlarynyň önümçiliginiň ösüş depgini 114 göterim, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini bolsa 106 göterim üpjün edildi.
  • Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artykdyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok