Ýumurtga iýmegiň saglyga peýdasy

Ýu­murt­ga dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da iň meş­hur ta­gam­lar­dan bi­ri­dir. Ýu­murt­ga örän peý­da­ly iý­mit­le­riň bi­ri bo­lup, öz ag­ra­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän­ler üçin hem amat­ly­dyr. Ame­ri­ka­ly alym­lar ir­den ýu­murt­ga iý­me­giň ag­ra­my­ň azal­ma­gy­na hem kö­mek ed­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy­lar. Ýö­ne mu­nuň üçin dog­ry iý­mit­len­mek ze­rur­dyr. 

Ýu­murt­ga­nyň dü­zü­min­dä­ki­ler da­şar­ky tä­sir edi­ji­le­re gar­şy gö­reş­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýu­murt­ga beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni we gö­rü­şi go­wu­lan­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýän «ome­ga-3» ýag kis­lo­ta­la­ry­na baý­dyr. Gaý­na­dy­lan ýu­murt­ga­nyň 100 gra­my bol­sa «şat­lyk gor­mo­ny» hök­mün­de bi­lin­ýän se­ro­to­ni­ni ön­dür­ýän trip­to­fa­nyň gün­de­lik ka­da­sy­nyň 20 gö­te­ri­mi­ni öz içi­ne al­ýar.

Ýö­ne her gün ýu­murt­ga iý­me­gi mas­la­hat ber­me­ýän­ler hem bar. Ýu­murt­ga­nyň sa­ry­syn­da ho­les­te­ri­niň 200 gra­my bar. Ge­çi­ri­len köp san­ly bar­lag­lar­da ýu­murt­ga iý­mek bi­len ga­nyň dü­zü­min­dä­ki ho­les­te­rin muk­da­ry­nyň ara­syn­da ara­bag­la­ny­şy­gyň ýok­du­gy­ ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ber­hiz bo­ýun­ça hü­när­men­ler uly adam­la­ryň her gün 2 sa­ny ýu­murt­ga­ny iýip bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.

Baýry BAÝRYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok