Ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan ýaşlar syýasatynyň, eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän döwletli tutumlaryň many-mazmunyny we ähmiýetini ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Çünki biziň ýurdumyzda Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, Watana hyzmat etmegi ömrüniň manysyna deňeýän ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň ilkinji aýynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII  gurultaýyna iberen Gutlagynda: «Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir.

Eziz Diýarymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar biziň alyp barýan işlerimize, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys» diýip belleýär. Bu buýsançly jümleler türkmen ýaşlaryny Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak ugrunda alyp barýan beýik işlerine has-da döredijilikli çemeleşmäge çagyrdy.

Bu günki günde Diýarymyzyň gazanýan beýik ýeňişleri, ýetýän şanly menzilleri, ajaýyp adynyň dünýä içre batly dabaralanmasy Watanymyza bolan belent söýgümizden nyşandyr. Dogrusy şu Watanyň howasyndan dem almagyň, şu keramatly topraga aýak basmagyň, giň saçagynyň bir döwüm çöregini datmagyň özi hem bagt. Munuň özi bolsa biziň baky bagtyýarlygymyzdan alamat.

Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine has-da yhlasly okamak, öwrenmek, döretmek we bildirilýän ynama mynasyp bolmak türkmen talyp ýaşlarynyň baş maksady, mizemez ýol-ýörelgesidir. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara bildirýän ynamlaryny ödäp, Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine öz goşandymyzy goşarys.

Seýitguly ALLANUROW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok