Täsirli magnit hadysasy

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Ýer togalagy Gün ulgamynda ýerleşýän 9 planetanyň biri bolup durýar. Gün we onuň täsiri netijesinde älem giňişliginde dürli hadysalar bolýar. Şol hadysalaryň biri-de täsirli magnit hadysasydyr. Günüň işjeňligi artan ýagdaýynda, Günde uly göwrümde alawlamalar emele gelýär. Gün alawy elmydama hereketde bolup durýar. Günüň alawlamagy esasynda emele gelýän akym, Ýeriň magnit meýdanynyň durnuksyz ýagdaýda bolmagyna getirýär.

Ýeriň daş-töweregini gurşap alýan ýokary tizlikli Gün alawynyň tolkunynyň netijesinde täsirli magnit hadysasy döräp bilýär. Magnit hadysasynyň durnukly, gowşak, aram, güýçli, örän güýçli we adatdan daşary ýokary täsirli görnüşleri bar. Täsirli magnit hadysasy diňe bir Ýer togalagyna hem-de atmosfera howa gatlagyna täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem adamlara we olaryň saglygyna hem täsir edýär.

Magnit hadysasynyň täsir edýän günleri howanyň çyglylygyna, basyşyna, magnit meýdanynyň dartgynlygyna duýgur adamlarda ýaşyna garamazdan, gowşaklylyk, tiz ýadamak, ünsüň peselmegi, kellagyry, baş aýlanma, ukusyzlyk, göwnüçökgünlik ýaly alamatlar ýüze çykýar. Magnit hadysasynyň täsir edýän günleri, esasan hem, ýokary gan aýlanyşynda bozulmalar bolan adamlar öz saglygyna has ünsli bolmaly. Sebäbi magnit hadysasynyň täsir edýän günleri adam bedeninde ownuk damarlarda gan aýlanyşynyň peselmegi, ganyň az-kem goýalmagy, gandaky holesteriniň derejesiniň ýokarlanmagy netijesinde dokumalarda kislorodyň ýetmezçiliginiň ýüze çykmaklygy bolup bilýär.

Ýeriň magnit hadysasynyň ýüze çykýan günlerinde ýürek gan-damar, nerw ulgamynyň keselleri bolan näsaglaryň howanyň ýagdaýynda has ünsli bolup, üýtgeşmeler ýüze çykan ýagdaýynda maşgala lukmanyna ýüz tutmagy hökmandyr.

Mustapa MEREDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok