Kämil dil baýlygy – kämil geljek

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyna dünýä standartlarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, bu ulgamy halkara derejesinde ösdürmek boýunça alnyp barylýan başlangyçlaryň, ýaş nesliň kämil geljegi babatdaky işleriň gerimi barha giňeýär. Döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga we olar bilen tejribe alyşmaga, şeýle-de daşary ýurtly kärdeşleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik alýarlar. Bu ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda okuw maksatnamalary, okuw kitaplary we gollanmalary hem yzygiderli kämilleşdirýärler.

Arkadagly Serdarymyzyň çuňňur oýlanyşykly işlenip taýýarlanylan bilim syýasaty hem-de sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirýän giň gerimli işleri özüniň oňyn miwesini eçilýär. Şunuň bilen birlikde, milli bilim ulgamyny ösdürmegiň ýolunda daşary ýurt dillerini okatmaklygy kämilleşdirmek bilen bagly işler rowaçlyga eýe bolýar. Daşary ýurt dillerini içgin öwrenmäge höwesli ýaşlaryň sany barha artmak bilen, türkmen ýaşlary bu ugurda ýokary sepgitlere ýetýärler. Munuň özi bolsa, döwletimiziň ösüp gelýän ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalaryň, hemmetaraplaýyn bilimli, intellektual we ruhy taýdan ösen, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek meselelerine berilýän uly ünsüň aýadyň beýanydyr. Garaşsyz ýurdumyzda öz ene dilimiz bilen bir hatarda, ýaşlar dünýä dilleri bolan iňlis, rus, nemes, ýapon, fransuz, hytaý dillerini hem çuňňur öwrenýärler. «Dil bilen-dünýäni gezer» diýlişi ýaly, dil öwrenmek dünýä çykmagyň baş şerti bolup, diller – dostluk köprüsidir. Dünýäniň dürli ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylýan şeýle ajaýyp döwründe ylmyň we tehnikanyň täze gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy daşary ýurt dillerini kämil bilýän täze nesliň kemala gelmegini şertlendirýär.

Häzirki ösen jemgyýetimizde ýaş hünärmenleriň dil taýýarlygynyň bolmaklygy döwrüň talabydyr. Bu babatda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasy» hem ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Oňa laýyklykda, daşary ýurt dillerini öwrenmegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, bilim babatda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ony amala aşyrmagyň çäklerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýetini we halkara tejribesini öwrenmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň meýilnamalaryny kämilleşdirmek bellenilýär. Häzirki döwürde sanly bilim ulgamy ösen tehnologiýalar döwrüniň esasy aýratynlygy bolmak bilen, bilim merkezleri, okuw mekdepleri dünýäniň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylyp, ýaş nesle döwrebap derejede bilim we terbiýe bermek işi ýola goýuldy. Bularyň ählisi bolsa, nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaşlaryň okamagyna, kämil bilim almagyna gönükdirilen giň mümkinçilikleriň Hormatly Prezidentimiz tarapyndan batly depginde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Akjagül ATAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok