Eger gudrat göreý diýseň, daglara bar, daglara!

Daglar. Daglar barada, gör, näçe rowaýatlardadyr dessanlarda çeper suratlandyrmalar getirilýär. Olaryň belentden berkliginiň, dünýä bilen deň ýaradylyp, eýýamlara şaýat bolýandygynyň özi bir keramat. Daglar adamlaryň göwün syrdaşy, kalplarynyň rahatlyk tapýan mesgeni. Ol diňe bir gözellik däl, eýsem, adamzadyň goragçysydyr.

Geçmiş döwürlerde dag gowaklary ynsan neslini goýnunda gizläp, ýowuz duşmandan, basybalyjylardan aman saklapdyr. Dag gowaklarynda adamzat özüne haraý tapyp, öý tutunypdyr. Türkmenlerde öý mukaddes hasaplanýar. Şonuň üçin, goýnundan ýer beren ilkinji öý bolan daglar hem mukaddesdir. Görşümiz ýaly, älem ýaradylandan bäri bu keramat adama üznüksiz hyzmat edýär. Ylym hem onuň baýlyklaryndan isledigiçe peýdalanyp gelýär. Onuň beýik gaýalarynda ençeme ylmy gözlegler alnyp barlyp, akylyňy haýran ediji ylmy açyşlar edildi. Kaşaň-kaşaň köşgi-eýwanlar Ýer ýüzüni bezedi.

Günbatar Köpetdag — Türkmenistanyň genji-hazynasy hasaplanýar. Tebigat bu ajaýyp sebite özüniň ähli baýlyklaryny eçilipdir. Ýerli subtropiki howaly zirk, böwürslen, ýabany nar, grek hozy, badam we üzüm agaçlarynyň ösüp oturan ýeri bolan Aýderäniň aýratyn täsin owadanlygy bardyr. Giň jülgeden tizlik bilen akýan adybir dag derýasy bu ýerlere aýratyn öwüşgin berýär. Aýylar bu sebitleri birwagt taşlap gidenem bolsalar, indi olary diňe jülgäniň «Aýdere» diýen ady ýatladýar.

Bu ýerler Sünt-Hasar dag goraghanasynyň öňündäki zolakda ýerleşýär. Jülgeleriň belentliklerinden gaýdýan köp sanly şaglawuklar, gowy saklanyp galan suw degirmenleri we howuzlar, asma köprüler ýerli ýaşaýjylaryň myhmansöýerligi bilen bilelikde syýahatçylyga aýratyn öwüşgin berýär, ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Dag bilen tanyşlyk ýerli ýaşulular tarapyndan aýawly saklanýan ýerli yrymlara we etniki rowaýatlara baý. Gülzarlyga bürenen bägülli meýdanlar, ýokary dyrmyşyp barýan dag goçlary, jülgelerdäki derýajyklaryň özboluşly owazlary — ýatdan çykmajak pursatlar bolup, ynsan kalbynda mähirli duýgulary oýarýar.

Ýusup NAZAROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok