Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýaş nesliň kalbynda egsilmez joşguny döretdi. Döwlet derejesinde bildirilýän şeýle beýik ynamyň ýaşlara eçilen egsilmez joşgunyny, ruhubelentligini Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň nurana günlerinde ýokary guramaçylykda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy ähli aýdyňlygy bilen görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýyna hem-de ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna iberen Gutlagynda ýaşlaryň jemgyýetimiziň işjeň bölegidigini nygtap: «Eziz Diýarymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar biziň alyp barýan işlerimize, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys» – diýip, belledi. Bu bolsa Diýarymyzda ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünär taýýarlygy esasynda kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby, pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür. Ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň zähmete bolan söýgüsini artdyrmak, döwrümize buýsanjyny, ýagty geljege ynamyny pugtalandyrmak täze taryhy eýýamda mynasyp derejede dowam etdirilýän ýörelgeler hökmünde ýaş nesiller hakyndaky aladanyň netijeli ugrudyr.
Şeýle asylly ýörelgeleri bilen eziz halkymyzy, ýaşlarymyzy bagtly geljege alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris!
Sülgün GURBANGELDIÝEWA,
Kaka etrabynyň 4-nji orta
mekdebiniň mugallymy.
Teswirler