«Siziň üçin körpeler» gepleşiginiň taryhyndan

1982-nji ýylyň ahyrynda türkmen telewideniýesinde «Gijäňiz rahat bolsun körpeler» ady bilen gepleşik taýýarlamaga girişýärler. Olar Geldimyrat Baýramow, Owadan Gurdowa, Ogulsapar Ybraýymowa, Ýazmyrat Şadurdyýew dagylar gepleşigiň edebi esasyny ýazýarlar.

1983-nji ýylyň 18-nji martynda bolsa ilkinji gezek «Gijäňiz rahat bolsun körpeler» gepleşigi ýaýlyma berilýär. Gepleşigi bolsa öň türkmen telewideniýesiniň alyp baryjysy Dürli Geldiýewa bolýar. Dürli Geldiýewa gepleşigiň üstünde işläp çagajyklary we haýwanjyklary çagyryp goşgudyr ertekileri aýdyp çykyş edýärler. Ol haýwanjyklara Türkmenistanyň halk artisti Gurbannazar Atakgaýew köşejige, Nury Täçmämmetýarow bolsa tilkijige ses berýär.

Ondan soň körpeler üçin taýýarlanylýan gepleşigi dürli döwürlerde ussatlaryň içinde Aman daýy ady bilen tanalýan Aman Baýramberdiýew, Aýsoltan Begenjowa dagylar alyp barýar.

«Siziň üçin körpeler» gepleşigine Geldimyrat Baýramow hüwdi, kompozitor Tirkiş Orazow saz ýazyp berýär. Ony Jeren Orazowa ýerine ýetirýär.

Ýyldyz bary düzüldi,
Garaja gözler süzüldi.
Geç ýeriňe jigimjan,
Ýerjagazyň ýazyldy.

– Ine şeýle setirler bilen «Siziň üçin körpeler» gepleşiginiň hüwdüsi hem döreýär. Belläp geçsek, häzirki wagtda «Siziň üçin körpeler» gepleşigini Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow alyp barýar. Ony körpeje çagalar «Aşyr Däde» diýip tanaýar.

Taýýarlan: Daýanç BAÝRAMOW,

Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň
«Teatr sungaty» fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok