«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlumaýak şäherçesindäki «Guwluduz» kärhanasynda çykarylýan nahar duzy Türkmenistanyň esasy tebigy baýlyklarynyň biridir. Himiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanasynda 2023-nji ýylyň ilkinji aýynda jemi gazylyp alnan duzuň umumy möçberi dokuz müň tonna golaýlady. Munuň özi şu ýylyň ýanwar aýy üçin bellenilen meýilnamanyň 118 göterime barabar berjaý edilendigini görkezýär.
Çig mal gorlarynyň ätiýaçlyk mukdary 40 million tonnadan hem geçýän kärhanada nahar duzuny ýodlaşdyrmak sebitde birinji, tutuş dünýäde bolsa dördünji bolup, ýola goýuldy.
Öz işine ussat ýüzlerçe hünärmeniň öndürijilikli zähmet çekýän kärhanasynyň ykdysady we maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli gowulanmagy balkanly duzçularyň gazanýan üstünliklerinde esasy orny eýeleýär. Olaryň gürrüňi edilýän aýda bu önümi ýörite gaplara gaplamak baradaky tabşyryga 189 göterim amal edip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 117 göterim ýokarlandyrandyklaryny hem aýratyn bellemek gerek.
Teswirler