DÖREDIJILIK ÖWÜŞGINLERI

(suratkeş Rahman Umarowyň 55 ýyllygyna bagyşlanýar)

Türkmenistanyň çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň häzirki zaman şekillendiriş we amaly-haşam sungatyna mynasyp goşant goşan, ýurdumyzyň meşhur suratkeşleri Rahman we Dilbar Umarowlaryň “Sazlaşyk” ady bilen ýaýbaňlandyrylan döredijilik sergisi açyldy. Sergide görkezilen eserler ussatlaryň hünär üstünliklerini, şu döredijilik tapgyrynyň ösüşini açyp görkezýän plastiki we ajaýyp reňk çözgütleriniň aýratyn täsirliligini suratlandyrýar.

Suratkeş Rahman Umarowyň döredijiligi hakynda aýdanymyzda, ussadyň öz döredijilik özboluşlylygynyň güýji bilen, daş-töwerekdäki hakykaty geçirmegiň yzygiderli tarapdary bolup, realistiki nakgaşçylygyň hak aşygydyr. Tebigy zehinli suratkeş öz zehinini ähli ugurlarda diýen ýaly görkezýär. Sergide görkezilen portret keşplerinde, ajaýyp peýzažlarynda, taryhy ýadygärlikleriň şekillerinde, şeýle-de durmuşyň reňkleri bilen çoýulan açyk reňkli natýurmortlarynda, abstrakt kompozisiýalarynda türkmen halkynyň taryhy we köpasyrlyk medeniýeti bilen bagly ýordumlary görmek bolýar.

Suratkeşiň portret keşpleriniň köpüsinde gahrymanlara çuňňur düşünmeklik, olara bolan şahsy garaýyşy öz beýanyny tapýar. Suratkeş üçin iň möhüm zat –adamyň häsiýetini beýan etmegiň we güýçlendirmegiň serişdesi hökmünde kompozisiýa we reňk babatynda alan nakgaşlyk hünärine daýanmakdyr. 20 ýyldan gowrak döredijilik işleriniň netijesinde suratkeş bir-näçe psihologik we emosional, kämahal çylşyrymly we içki ruhy dünýäsini açýan gapma-garşylykly portret keşplerini döretdi. Emma ene-mähriniň bagty, zenanyň ykbaly, onuň içki gaýgy-hasratlary, begençleri we öz ýakynlaryna bolan çäksiz söýgüsi suratkeş üçin üýtgewsiz bolmagyna galýar. Sergide görkezilen “Läle bagşy”, “Zyýarat”, “Ak altyn”, aýaly Dilbaryň portreti hakykatçyllygy we her-bir keşbe aýratyn duýgy bermek islegi bilen tapawutlanýar. Köplenç, Umarowyň eserlerinde (“Narly gelin”, “Güýz duýgusy”) daşky bezeg, reňk gapma-garşylyklarynyň göze ilginçligi we adatdan daşary duýgurlyk häsiýetleri asyl maksada öwrülýär. Mysal üçin, “Güýz duýgusy” atly eserdäki ýaş gözel gyzyň romantiki we arzuw edijilikli keşbi sergä gelenleriň köpüsiniň ünsüni özüne çekdi.

Ogullyk söýgüsinden doly we ýyly duýgulara beslenip çekilen enäniň mukaddes keşbi, serginiň many taýdan merkezi bölegini emele getirdi. “Miras” diýen eserden bizi, hoşniýetli we parasatly garaýyş bilen, Senewer-ene mylakatly garşylaýar. Tomaşaçy oňa şol bada hormat goýup, aýratyn mähir bilen garaýar. Enäniň arkasynda uly yhlas bilen eplenip goýlan körpeçeler bolsa, Umarowlar maşgalasynyň durmuşyň dürli reňkleri bilen ýazylan “golýazmasy” hökmünde görkezilen. 

Emma “Deňagramlylyk” atly üçleme eserde beýan edilen “dostlugyň, agzybirligiň we jebisligiň” ýokary gymmatly pelsepe mowzugy Rahman Umarowyň beýleki hakyky garaýyşlaryndan düýpli tapawutlanýar. Suratkeş kendiriň ýüzünde bitertip goýlan küýzeleri ýerleşdirip, durmuşyň manysy, adamyň durmuşynyň esasy maksady bolan, ahlaklylyk we maşgala gymmatlyklar ýaly mukaddes düşünjeleri hakynda pikirlenmäge çagyrýar.

Şeýle-de Rahman Umarowyň Watan hakynda şahyrana düşünjesi sergide ajaýyp peýzažlaryň üsti bilen görkezilýär. Nakgaşyň kalbyna ýakyn bolan ýerlerinde naturadan suratlandyrylan “Güýz”, “Şapak”, “Ýagty gije”, “Derek” diýen işlerinde asudalyk, rahatlyk we bagt ýaly duýgulary türkmen halk owazynyň äheňlerine çalymdaş bolup ýaňlanýar.

Oriýentalizme bolan gyzyklanma Rahman Umarowyň döredijiliginiň aýdyň tapgyrlarynyň biridir. Nakgaşyň Gündogar we Aziýa gadymy şäherlerdäki eden syýahaty “Etýud. Aziýa”, “Gadymy Efes”, “Mardin” ýaly gündogar ekzotikasynyň gözel öwüşginlerini suratlandyrýan etýudlarynda we gutarnykly kartinalarynda beýan edilýär. R.Umarowyň Fransiýada bolan döwründe hem plener nakgaşçylygyna degişli işleri impressionistiki ýazuw usulynda ussatlarça ýerine ýetirilipdir. Parižyň taryhy keşbi, Sena derýasynyň kenary we sungatyň genji-hazynasy bolan Luwr muzeýiň çala görünýän sudurlary “Bazilika Sakre-Kýor”, “Pariž köprüjikleri” we “Heýkeltaraşlyk” atly eserlerde liriki häsiýetde şekillendirilipdir.

“Sazlaşyk” atly sergi, elbetde, Dilbar Umarowanyň ajaýyp keşpleri we üýtgeşik hyýaly oýlanmalary bolmadyk bolsa, şeýle gutarnykly we bitewi keşpde bolmazdy. Sebäbi, ussadyň toýundan ýasalan önümleri özüniň ýylylygy we mähremliligi, gahrymanlaryň we şekilleriň plastiki çözgütleriniň köp dürlüligi bilen tomaşaçylary bendi edýär. D.Umarowanyň özboluşly çeperçilik garaýşy halkyň baý taryhyna, däplerine we folklor eserlerine daýanyp, kiçi şekilli keramikada öz ähmiýetli ornuny tapýar.  

D.Umarowa toýnuň asyl nusgadaky görnüşini halaýar, nagyşlara we reňkli syrçalara aslada üns berenok. Suratkeşiň ellerinde toýun sazlaşykly ritmi we fakturasy bilen gaýtalanmajak janly şekillere öwrülýär. Ussadyň döredijiliginiň şu günki tapgyry täsirli pikirlenişiniň aýratyn çuňňurlygy hem-de aýdyň şekilde beýan etmek ukyby bilen tapawutlanyp “Arzuw”, “Mukaddeslik”, “Söhbetdeşlik” atly eserleriň döremegine getirdi. “Bazardan”, “Gelinler” diýen taslamalar hem şekilleriň haşam bezeginiň ýeňilligi bilen tapawutlanyp, hamala awtor uzak pikirlenmän, döredijilik gözleglerini etmedik ýaly kabul edilýär. Şunda häzirkizaman türkmen keramikasynyň öňdebaryjy suratkeş Dilbar Umarowanyň döredijilik kämilliginiň alamatlary aýdyň ýüze çykýar.

“Goňşylar”, “Eneler” atly täze eserlerde söýgüli mowzuklar stilleşdirilip, olarda suratkeş-zenan üçin, adaty bolan sýužetleriň we keşpleriň täsinligi beýan edilýär. Şol täsinlikde oba ýaşaýjylary, açykgöwünli ýaşulylaryň üstünden bolan özboluşly ýeňil “gülki” äheňleri duýulýar. Dilbar Umarowa köplenç şol bir sýužeti üýtgedip, onuň täze gaýtalanmasyny döredýär. Mysal üçin, kaşaň nagyşlara geçip gidýän ajaýyp buýra şahly sugunlaryň şekilleri, ulumsy we şol bir wagtyň özünde duýgularynyň näzikligi bilen mähir döredýän düýeleriň şekilleri “Maşgala” atly kompozisiýada ýa-da gündogar medeniýetinde ýer şarynyň, gülläp ösüşiň we maşgala bagtynyň nyşany bolan “Durnalar” atly jübüt taslamada suratkeşiň döredijiliginiň medeni gaznasyna öwrülen plastiki çözgütleriň we zehininiň özboluşlylygy bilen tomaşaçyny haýrana galdyrýar.

Bagtyýarlyk döwrümiziň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussat wekilleri Rahman we Dilbar Umarowlaryň döredijilikleri hakykatdan-da sungatyň köp öwüşginli sazlaşygyň duýgusyny döredip, her bir şahsyýeti tebigatyň we durmuşyň gözelliklerini çäksiz söýgi bilen kabul etmäge ruhlandyrýar!

Aýjan KADYROWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň mugallymy,
sungaty öwreniji.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok