Türkmenabat şäheriniň 1-nji senagat zolagynda ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Jumadurdy Annamyradowa degişli bolan «Ynamly eller» hususy kärhanasynda binalaryň bezegleri üçin niýetlenilen suw esasly boýaglaryň dürli görnüşi öndürilýär. Şeýle-de bu ýerde içerki we daşarky boýaglarda müşderileriň islän reňkini taýýarlap bermek hyzmatlary hem ýerine ýetirilýär.
2017-nji ýylda işe girizilen bu hususy kärhanada 7 görnüşli daşarky, 6 görnüşli içerki, 2 görnüşli astar we içerki bezeg boýagy, 1 görnüşli sintetiki boýag öndürilip, sarp edijilere ugradylýar. «Ynamly ellerde» şu ýylyň geçen ýanwar aýynda hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän, daşary ýurtlardan import edilýän boýaglaryň ornuny tutýan ýokary hilli suw esasly boýaglaryň 48 tonnasy öndürilip, 202 müň 190 manatlyk iş edildi. Önümçilik Türkiýede öndürilen enjamlar arkaly doly awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar.
Teswirler