Halk Maslahaty – halkyň beýik buýsanjy

Şöhratly taryhymyza nazar aýlanyňda ata-babalarymyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky iň wajyp meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözendiklerini görmek bolýar. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de mynasyp dowam etdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, 21-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde beýleki möhüm meseleler bilen birlikde, halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasynyň döredilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň ählihalk tarapyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanylmagy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny esasda ykrar edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Biz bagtdan paýly-nesibeli adamlar arzuw-maksatlaryň hakykata öwrülýän ýurdunda ýaşaýarys. Mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň şu günki hem geljekki abadan, parahat, bolelin durmuşynyň hatyrasyna alnyp barylýan beýik işler barada gürrüň edeniňde, şu eziz Diýaryň perzendi hökmünde biziň her birimiziň köňlümiz joşa gelýär. Şol ýürek joşguny türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň ajaýyp döwlet we syýasy işgäri hökmünde Watanyna we halkyna hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan, aň akabasyndan gözbaş alýar.

Häzirki döwürde milli däplere laýyklykda, her bir işde halk bilen maslahatlaşmak asylly ýörelgä öwrüldi. Döwletli maslahatda kabul edilen çözgütler ýurdumyzyň täze ösüşlerine badalga berer. Halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ähli şertleriň döredilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň goşandy uludyr. Biz parahat durmuşda, arassa asmanyň astynda ýaşaýarys, hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen bagtly we nurana geljege tarap ynamly gadam urýarys.

Şeker AKYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki
tehnologiýasy kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok