Dag melhemi

Türkmen topragy dermanlyk ösümlikleriň mekanydyr. Şolaryň arasynda döwük-ýenjikleri bejermekde giňden ulanylýan, tebigatyň döreden tapylgysyz melheminiň biri hem mumyýadyr.

Gadymy lukmançylygyň tebigy derman serişdesi mumyýa häzirki döwürde-de özüniň gymmatyny ýitirenok. Onuň dürli ady bar: «dag mumy», «dag melhemi», «gaýa deri» we ş. m. Maddanyň himiki we spektral derňewi onuň düzüminde mikroelementleriň (esasanam, kremniniň, alýuminiň, demriň, kalsiniň, marganesiň, magniniň, gurşunyň, titanyň, nikeliň), şeýle hem dürli aminokislotalaryň baý toplumynyň bardygyny görkezdi.

Mumyýa, köplenç, gaýalaryň ýokarky bölekleriniň köweklerinde, jaýryklarynda bolýar. Onuň düzüminde köp mukdarda organiki we organiki däl maddalar, gippur, benzoý kislotalary, aminokislotalar, smolalar, mumlar, şepbikler we ösümlik galyndylary bolýar.

Mumyýa esasan, süňki bejermekde giňden peýdalanylýar. Şeýle-de demgysma, inçekesel, aşgazan-içege, dem alyş ýollaryny, deri kesellerini bejermekde, böwrekde emele gelen daşy düşürmekde tapylgysyz derman hasaplanylýar. Mumyýany süňki, bogunlary agyryly adamlara deriniň daşyndan çalmak, anginaly adama üç gije diliniň aşagynda goýup ýatmak, ökjesi agyrylara ýapgy etmek ýaly dürli kesellerde ulanmak maslahat berilýär.

Türkmenistanyň daglyk ýerlerinde – Uly Balkanda, Köpetdagda we Köýtendagda mumyýanyň barlygy ýazga alnan ona golaý ýer mälimdir. Adatça, ol köweklere, çukanaklara, ýeldir suwuň emele getiren kiçijek tagçalaryna, gaýalaryň jaýryklaryna, deňiz derejesinden 200-300 metr beýiklikde dag jynslarynyň owradylýan ýerlerinde ýüze çykan çatlaklara syrygyp ýygnanan jynslar görnüşinde gabat gelýär.

Arslan JUMADOW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok