Ysmanak

Ysmanak peýdaly ösümlikleriň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba ýerlerinde ildeşlerimiziň köpüsi öz melleklerinde hem ysmanagy ösdürip ýetişdirýärler. Bu birýyllyk ösümlik örän çalt ýetişýän, sowuga, kesellere we zyýankeşlere garşy durnuklydyr. Ysmanak gyş aýlarynda howanyň temperaturasy – 6, – 8 derejä çenli ýetip, gysga wagtlyk doňaklygy örän ýeňil geçirýär.

Gurply we ýumşak topraklarda ysmanak bitginli bolýar. Ysmanak ekilen joýalar Güne tarap garap durmaly, joýalaryň boýy gaty beýik bolmaly däl. Ysmanak çyglylygy halaýan ösümlik. Şonuň üçin hem kähalatlarda suwaryşda suw akyp gitmez ýaly onuň joýalaryny perimetre görä salmajykly hem edýärler. Munuň özi ysmanaga edilýän idegi ýeňilleşdirýär. Ysmanagyň ekiljek ýeri saýlananda, toprak bejergisi gowy geçirilen, ozal ders berlip ekilen ekiniň (hyýar ýa-da ýeralma ekilen) meýdanyny saýlamak maksadalaýyk hasaplanýar. Ysmanak ekiljek meýdanyň 1 inedördül metr meýdanyna ýarym bedre çüýrüntgi, iki goşawuç kül bermeli.

Ysmanakdan öý bikelerimiz her dürli tagamlary taýýarlaýarlar. Ony işdäaçarlara hem goşýarlar. Ysmanak dürli witaminlere baý dermanlyk ösümlikdir. Şonuň üçin fransuzlar ysmanaga «gök önümleriň şasy» diýen ady beripdirler. Bu dermanlyk ösümliginiň düzüminde С, A, РР, К, E, D witaminleri hem-de B witaminler toplumy bar. Düzümi demre baý bolansoň, ganyň gemoglobinini kadalaşdyrýar. Munuň netijesinde, beden agzalarynyň kislorod bilen üpjünçiligi gowulaşýar.

Ysmanagyň dermanlyk häsiýetleri Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» diýen eserinde beýan edilýär. Ol bu ösümligiň şiresini içgeçmäniň garşysyna ulanypdyr. Derman hökmünde şowakörlügiň, ganazlygyň, witamin ýetmezçiliginiň garşysyna peýdalanylýar.

Lukmanlar ysmanagy bejergi berhiziniň düzüminde hem maslahat berýärler. Kompýuteriň öňünde köp işleýän adamlar üçin peýdaly iýmitdigini, onuň gözleriň ýadamagyny peseldýändigini aýdýarlar. Ysmanagyň şiresiniň sowuklama garşy täsiriniň bardygyny, onuň bilen agyz boşlugyny çaýkamagyň diş etiniň kesellerini bejermekde ähmiýetlidigini hem belleýärler. Ysmanak ýurdumyzda öý hojalyklarynda giňden ekilýän gök önümleriň biridir. Ol topragyň ýadawlygyny aýyrýar, oňa üýtgeşik goşmaça iýmit zerur bolmaýar. Ýurdumyzda ysmanagy ýöriteleşdirilen hojalyklarda, köpçülikleýin ýetişdirmek üçin ähli şertler bar. Geljekde bu ösümligi eksport maksatly önümleriň hataryna goşmak üçin mümkinçilikleriň öwrenilmegi oba hojalygynyň zerur ugurlarynyň biridir.

Altymyrat SARYÝEW,

Aşgabat şäher agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok