Ýylyň şygary mynasybetli geçiriljek çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy!

Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanan uly üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini, taryhy özgerişlerini, jemgyýetimiziň abadançylygyny, ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny has-da şöhratlandyrmak, şeýle-de ýurtda durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalaryň, iri taslamalaryň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Bilim ministrligine, beýleki degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok