Şekilli görnüşler: Türkmen-özbek diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl!

3-nji fewralda, paýtagtymyzdaky «Daşkent» medeni-dynç alyş seýilgähinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp, türkmen-özbek aýdym-sazly konserti geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de döredijilik, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary gatnaşdylar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok