FAO – ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýardam berýär

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň (GEF) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Bäherden bilen Daşoguzyň tokaý hojalyklarynyň önümçilik meýdanlarynda, şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň amaly okuw meýdançasynda Türkmenistanyň Milli Tokaý Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen iki sany toplum (hersi 1 gektar) we synag meýdançasy (3 gektara golaý) döredildi.

Toplumlarda dürli görnüşli miweli, saýaly, pürli, gyrymsy we ýarym gyrymsy agaçlaryň nahallary, çöl ösümlikleri ösdürilip ýetişdiriler. Synag we görkeziş meýdançasynda ikinji derejeli duzlulygy peseltmek boýunça dürli agro-melioratiw çäreleri geçiriler we mundan beýläk-de ýaýradylmagy üçin niýetlenen duzlulyga hem-de guraklyga çydamly ekinleri ösdürmegiň häzirki zaman usullary ornaşdyrylar.

Şeýle hem, bu taslamanyň çäginde Türkmenistanyň dürli toprak we howa şertlerinde bagbançylyk meýdanlaryny giňeltmek maksady bilen Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmekde «CACILM2» taslamasynyň esasy hyzmatdaşy bolan Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi üçin 25 müň sany miweli agaçlaryň nahallary satyn alyndy. Nahallar ýurduň tokaý meýdançalarynda, şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň amaly okuw meýdançasynyň esasynda gurlan synag meýdançasynda ösdürilip ýetişdiriler.

Hususan-da, topragyň duzlulygyny azaltmak we hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen şorluga we guraklyga çydamly miweli ekinleri (beýi, igde) hem-de beýleki ekinleri (ýorunja, arpa we ş.m) ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Tokaý hojalyklarynda miweli agaç nahallarynyň oturdylmagynyň giňeldilmegi we alma, armyt, alça, üzüm, nar we ülje ýaly tebigy miweleriň alynmagy hojalyklara goşmaça girdeji gazanmaga mümkinçilik döreder hem-de ýerli ilat üçin goşmaça iş orunlaryny emele getirer.

Şeýle hem bu ikinji derejeli şorlaşma, ýel we suw eroziýalarynyň öňüni almaga, olary ep-esli azaltmaga ýardam eder we suwarymly ýerlerde ekin hasylynyň ýokarlanmagyna getirer.

Aýlar HAÝYDOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok