Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de Özbegistana dost-doganlyk goldawyny bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine degişli möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Özbegistan Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.
Teswirler