Ýaşlar – jemgyýetiň we döwletiň daýanjy hem kuwwaty

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.

28-nji ýanwarda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: Ynamly ädimler bilen beýik menzillere tarap» diýen şygar astynda geçirilen nobatdaky gurultaýda ýaşlaryň durmuşy bilen baglanyşykly seredilen meseleler, kabul edilen çözgütler biziň bagtyýar durmuşymyzy ýakymly ýatlamalara besledi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasy «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri, hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaşlaryň öňünde goýan borçlaryny öz içine almak bilen, jemgyýetimizde bütewiligi, agzybirligi berkitmäge, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny goldamaga ýardam edýär. Tertipnama üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi netijesinde mundan beýläk-de ylym-bilime höwesek, zehinlerini we şahsy başarnyklaryny döwletimiziň kuwwatlanmagyna gönükdirýän, Watanyň gullugyna taýyn ýaşlaryň sany ýene-de artmak bilen bolar.

Ýaşlaryň durmuş uniwersitetine öwrülen Milli Liderimiziň göreldesine we ýörelgesine eýerip, öz işimize mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşeris. Giň gözýetimli, kämil bilimli hünärmenleriň, milli we maşgala gymmatlyklarymyza, peder ýörelgelerine ygrarly ýaşlaryň täze neslini kemala getirmek bolsa baş maksadymyz bolmagynda galar. Çünki türkmen halkynyň belent sylagyna, beýik sarpasyna, uly hormatyna eýe bolan Milli Liderimiziň hut özi bize her bir işde nusga alarlyk mekdepdir. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bolsa bizi belent maksatlara, asylly işlere ruhlandyrýar.

Çemen ANNASEÝIDOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok