Türkmen okuwçylary dünýä özüni tanatdy!

Golaýda, ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Berkeleý uniwersitetiniň guramagynda mekdep okuwçylary üçin onlaýn görnüşinde matematika boýunça ýekeleýin we toparlaýyn halkara bäsleşigi geçirildi.

Bu bäsleşige dünýäniň 30-a golaý döwletinden höwesjeň ýaşlaryň 2000-den gowragy gatnaşdy. Bäsleşikde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary hem işjeň gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler hem-de baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.

Ýokary synplar üçin «advanced» kategoriýasynda ýekeleýin netijede harby mekdebimiziň 10-njy synp harby okuwçylary Sapa Ýazyýew, Begnazar Serdarow 1-nji, Wepa Baýlyýew, Begli Amanýazow 2-nji, Magtymguly Garlyýew bilen Kemal Ezizow dagy 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar.

Gatnaşyjylara harby mekdebiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Merdangeldi Baýramow ýolbaşçylyk etdi. Ýeňijilere altyn, kümüş, bürünç medallary gowşurylyp, degişli diplomlar bilen sylaglanyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok