Mugallymlar üçin täze usulyýet gollanmalary çap edildi!

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Milli bilim instituty BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde orta mekdep mugallymlary üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça täze usulyýet gollanmalaryny taýýarlap ýaýratdy. Jemi 5 dürli neşiriň 8 müňden gowrak nusgasy çap edildi we paýlanyldy.

Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça täze usulyýet gollanmalary halkara derejedäki iň gowy tejribeleri özünde jemlemek bilen, mekdep okuwçylarydyr ýetginjekleriň howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigy betbagtçylyklaryň täsirini peseltmek babatda bilimdir başarnyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berer.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Muhammet Faýýazi myhmanlaryň öňünde eden çykyşynda gollanmalaryň bilim ulgamynyň durnuklylygyna we okuwçylaryň howanyň üýtgemegi bilen bagly howplara durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigine ünsi çekip, munuň bu meselede ýurdumyzyň umumymilli tagallalaryny goldamak, ekologik hem-de tebigy betbagtçylyklaryň täsirini peseltmek, bu ugurda ýaş türkmenistanlylaryň habarlylygyny artdyrmak babatda ajaýyp mümkinçilikdigini belläp geçdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok