Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň «Guwlyduz» kärhanasyýurdumyzyň ilatyny ýodlaşdyrylan nahar duzy, şol bir wagtda hem ykdysadyýetimiziň dürli önümçilik pudaklarynda giňden peýdalanylýan önümçilik maksatly duz bilen üpjün edýär.
Kärhanada geçen ýylda bu wezipelere abraý bilen hötde gelmekde nusgalyk zähmet netijeleri gazanyldy. Has takygy, bu döwürde senagat taýdan gaýtadan işlenilmäge degişli duzuň 96480 tonnasy taýýarlanyp, iş meýilnamasyna 103,7 göterim amal edildi. Öndürilen däneli duzuň umumy mukdary 85760 tonna deň boldy. Munuň özi, meýilnamada göz öňünde tutulandakydan 4760 tonna köpdür.
Gürrüňi edilýän döwürde kärhana tarapyndan umumy gaplanan nahar duzunyň möçberi 31432 tonna golaýlady. Şeýlelikde, nahar duzy meýilnamada bellenilenden 11430 tonnadan gowrak artyk öndürildi. Şu günlerde hem kärhananyň işçi-hünärmenleri täze ýylyň ilkinji aýyny ýokary önümçilik görkezijilerine beslemek ugrunda has-da tutanýerli zähmet çekýärler.
Teswirler