Daşoguzda ýyladyş desgalaryna yzygiderli gözegçilik edilýär!

Daşoguz welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň ähli düzümlerinde ýyladyş möwsüminiň işleri ýokary guramaçylykly alnyp barylýar. Häzirki wagtda birleşigiň hasabynda merkezleşdirilen ýyladyş desgalarynyň 159-sy hem-de 64 kilometrden gowrak ýylylyk geçiriji ulgamlar bolup, olar jemagat we gaýry edara-kärhanalara degişli ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny ýylylyk bilen üpjün edýär.

Welaýat merkezindäki ýyladyş gazanhanalarynyň ählisi gyşky möwsümde doly güýjünde hem bökdençsiz işledilýär. Durky täzelenip, bellenilen möhletde düýpli abatlanan bu ýyladyş desgalarynyň gije-gündizleýin tertipde işledilmegi netijesinde ilata ýokary hilli jemagat hyzmatlary edilýär.

Gyşky ýyladyş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýüze çykýan kemçilikleri gaýragoýulmasyz tertipde düzetmek maksady bilen welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda ýörite toparlar hem habarlandyryş gulluklary döredildi. Bu toparlar birleşigiň hasabyndaky 1523 sany jemagat ýaşaýyş jaýlaryna ýylylygyň bökdençsiz berlişine, ýangyn howpsuzlygy bilen bagly çäreleriň berjaý edilişine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrýarlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok