Giç bolmanka «durmuşdan» öwrenilmeli möhüm sapaklar!

Durmuş öwrenmäge we ösüşe esaslanýar. Adam öz ömrüniň dowamynda birnäçe gezek ýykylýar we galýar. Bularyň hersinden bolsa özüne ýetik sapak alýar. Belki siziň hem öz ömrüňiziň dowamynda birnäçe gezek ýykylyp, galan wagtlaryňyz bolandyr.

Durmuşda adama başdan geçirýän wakalary, käte bolsa okaýan kitaplary möhüm sapak berip biler. Ýöne giç bolmazdan, öwrenmeli käbir sapaklaryňyz bar! Ine olaryň käbiri…

Pul siziň ähli meseleleriňizi çözüp bilmez!

Pul bir gural. Islegleriňizi kanagatlandyrmaga we isleýän zadyňyzy almaga mümkinçilik berýän maliýe serişdesi ýa-da maddy gazanç. Puly az, ýöne puly aşa köp adamlara garanyňda has bagtly durmuşda agzybir we şadyýan ýaşaýan adamlar bar. Pul size kaşaň jaý, ajaýyp awtoulag we gymmat bahaly aýakgap berip biler, ýöne ýaralanan ýüregi bejerip, ýalňyzlygy aradan aýryp ýa-da ýitirilen saglygy dikeldip bilmez!

Özüňizi saklaň!

Ýaş wagtyňyz islendik zady edip biljekdigiňize ynanýarsyňyz. «-Ýaşlyk bir gezek berilýär!» – diýip, ähli zady edip görjek, başdan geçirjek, hakyky söýgini tapyp, durmuşyňyzy meýilleşdirmek isläp bilersiňiz! Ýöne howlukmaň! Durmuş öz ugruna aksyn! Ýaşaýan her pursatyňyz sizi bir ýerlere eltip, size saýlamaga mümkinçilik döretjekdigine ynanyň!

Hemmeleriň göwnünden turup bilmersiňiz!

Her kim siziň bilen şol bir pikirde bolmagy hökman däl. Hatda olaryň sizi halamagy ýa-da söýmegi hem hökman däl. Söýülmek, gadyr bilmek, hormatlamak adamyň tebigatynda bar, ýöne bu zatlar üçin adamlaryň razylygyna mätäç dälsiňiz. Ilki bilen özüňi razy etjek boluň!

Saglygyňyz iň uly baýlykdyr!

Elmydama saglygyňyzy başga zatlardan ileri tutuň we gadyryny biliň. Ýaşlykda köplenç saglyk äsgerilmeýär. Ýaş wagtyňyz has sagdyn bolup bilersiňiz, ýöne duýdansyz gelip biljek agyr hassalyk ýa-da kesel durmuşyňyzy tersine öwrüp biler!

Hemme zat isleýşiňiz ýaly bolmaz!

Akyldarlaryň biri «-Durmuş – siz meýilnamasyny düzýän wagtyňyz ýüze çykýan kynçylyklardyr!» – diýýär. Siz näçe öz isleýşiňiz ýaly meýilleşdirseňizem, hemme zat isleýşiňiz ýaly bolmaz. «Iň ideal» durmuşa garaşyp, ony arzuw edip bilersiňiz. Ýöne hakyky durmuş siziň isleýşiňize görä gitmeýär. Ol öz akymy, öz ýoly bilen gidýär. Şonuň üçin käwagt arzuwlaryňyz puja çykyp biler, gyzyklanýan zatlaryňyzdan ýüz öwürmeli bolarsyňyz.

Hemme zat size degişli ýa-da siz bilen baglanyşykly däl!

Dünýäniň merkezi siz däl. Elmydama öz durmuşymyzda bolup geçýän wakalara üns berýändigimiz sebäpli, daşymyzda bolup geçýän wakalara biperwaý garaýarys. Daş-töweregiňizdäki wakalar siz bilen baglanyşykly däl bolsa hem dünýä bilen öz durmuşyňyz ýaly gyzyklanmaly.

Bilmezlik aýyp ýa-da utanç däl!

Hiç kimde ähli soraglara jogap ýok. Ýa-da hiç kim ähli zady bilenok. «Bilmedim» diýmek aýyp ýa-da utanç däl! Kämil ýaly görünmek sizi kämilleşdirmez ýa-da akylly görkezmez!

Söýmek diňe bir duýgy däl, onuň aňrybaş çägi!

Söýmek her gün edýän saýlawymyzdyr. Bize ýaramaýan häsiýetleri görmezlikden gelmek ýa-da äsgermezlik etmek, bagyşlamak, mylaýym bolmak, hormatlamak we goldamak ýaly zatlar hem biziň saýlawymyzdyr. Söýgini saýlap, söýgi bilen hereket edip bilersiňiz!

Sabyr etmek bir gowy zatdyr!

Iň gysga wagtda öwrenmeli durmuş sapagyňyz sabyrlylygyň möhümdigine düşünmek. Duş geljek päsgelçilikleriň öňünde umytdan düşmäň, sabyr etmegi öwreniň!

Rahatlyk zolagyňyz iň erbet duşmanyňyzdyr!

Durmuşda uly işleri başarmak ýa-da öňde goýulan beýik maksatlara ýetmek üçin size rahat bolan zolakdan çykmaly bolarsyňyz. Özüňize oňaýly we rahat bolan zolakdan çykmaly we töwekgelçilikli ädimler ätmegi başarmaly. Ine, şonda siz durmuşyňyzy düýpgöter üýtgedip bilersiňiz!

Atajan EÝÝUPOW.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok