Totyguşlar ýyly ýurtlara uçman, Aşgabatda gyşladylar!

Mälim bolşy ýaly, bu gyş möwsümi aýazly we diýseň sowuk boldy. Muňa garamazdan, paýtagt Aşgabatda guşlaryň sany azalmady. Hemişelik ýaşaýan guşlar bilen birlikde, gyşlamak üçin ýyly ýurtlara uçýan guşlar hem paýtagtda galdylar. Olaryň arasynda Krameriň monjukly totyguşlary hem bar.

Bu totyguşlar mundan dört-bäş ýyl ozal paýtagtymyzyň «Aşgabat» seýilgähiniň otaglarynyň birinde iki sanysy eldekileşdirilip, erkinlige seýilgähe goýberlipdir. Bagyň işgärleri häzirki wagtda olaryň sanynyň 20-ä ýetendigini mälim edýärler.

Hakyky toty guşlar maşgalasyna degişli bolan Aşgabatda mekan tutan ýaşyl öwüsýän guşlaryň köp görnüşleri yssy howaly ýurtlarda adamlara golaý ýerlerde, şol sanda uly şäherlerde hem ýaşaýarlar. Olar Krameriň monjukly toty guşy diýlip atlandyrylýar. Horazynyň boýnunda gülgüne-gyzyl halka barlygy üçin monjukly diýilýär.

Totyguşlaryň Türkmenistanda ýaşaýanlary hindi görnüşidir. Bu owadan guşuň eldekileri elli-altmyş sözi belläp, gaýtalamaga ukyplydyr. Olaryň horazy bilen mäkiýany jübüt bolup otuz ýyla golaý bile ýaşap bilýär. Esasy bölegi ýaşyl reňkli, çüňki gyzyl guşlar mylaýym howany halaýar, ýöne salkyn ýere hem uýgunlaşyp bilýärler. Däneler, tohumlar ir-iýmişler, güller we olaryň şiresi bilen iýmitlenýän guşlar beýik agaçlaryň köweklerinde höwürtgeleýärler we ýere örän seýrek gonýarlar. Seýilgähden gaty daşlaşman, şäherde bellän ýerlerine, iýmitlenmäge uçup barýan guşlaryň bir-iki sanysyny görmek bolýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok