Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi

Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabuledilen taryhy çözgütleri we kararlary giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň guramagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideri — milli jebisligiň we mäkäm döwletliligiň daýanjy» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Dabarada edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň we Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen halkynyň Milli Lideri» diýlip, kanuny esasda ykrar edilmeginiň örän wajyp taryhy wakadygy dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Dabaraly maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň, döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan beýik işleri hem-de gazanýan beýik ösüşlerimizi wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok