Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler

2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde BAE-niň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň energetika ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler. Roud-şouwyň esasy guramaçylaryň hatarynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldamagynda «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler.

«Hyatt Regency» myhmanhanasynda geçiriljek çäräniň esasy maksady Türkmenistanyň energetika pudagynyň ähli ulgamlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek we energetika ulgamynyň mundan beýläkki durnukly ösüşi üçin sebit dialogyny berkitmek bolup durýar. Mundan başga-da, çäräniň dowamynda nebiti we gazy çykarmak, ibermek we gaýtadan işlemek bilen gönüden-göni bagly bolan mümkinçiliklere garalar.

Çärä öňdebaryjy milli we halkara energetika kompaniýalary, şeýle hem sebitde nebitgaz pudagynyň geljegini formirleýän bilermenler gatnaşar.

Türkmenistanyň energetika toplumyna maýa goýumlaryny çekmekden başga-da, Halkara roud-şou çäresi energetikanyň geljegi; täze eýýamyň energiýasy; içerki we sebit ösüşiniň ösüşi; uglewodorodlary işläp taýýarlamagyň ekologiýa jähtleri ýaly temalara bagyşlanar.

Dubaýda geçiriljek çärä baryp gatnaşyp bilmejekler üçin Zoom platformasynyň üsti bilen göni ýaýlym guralar. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar onlaýn görnüşde bolşy ýaly, ýüzbe-ýüz görnüşde hem elýeterli bolar diýip, guramaçylaryň saýtynda habar berilýär.

Aýjemal DAŇATAROWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok